B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet12/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§2. Ykdysady adam barada düşünje
Adam şahsyýetiniň köp dürlüligi, gaýtalanmaýan özboluşlylygy, 
onuň işiniň köp dürli delillendirmeleri ykdysady durmuş ylmy taýdan 
seljerilende, adam nusgasynyň, ýagny durmuş-ykdysady gatnaşyk-
laryň ulgamynda hereket edýän adam baradaky umumylaşdyrylan 
düşünjäniň peýdalanylmagyny zerurlyga öwürýär.
Adamyň nusgasy, islendik başga bir nusganyň bolşy ýaly, ada­
my, ozaly bilen hem onuň ykdysady işjeňligini, maksatlaryny, şonuň 
ýaly-da, goýan maksatlaryna ýetmek üçin peýdalanýan akyl ýetiriş 
mümkinçiliklerini häsiýetlendirýän esasy ölçegleri öz içine alýar.
Ykdasady adamyň nusgasynyň döredilmegi adamlaryň ykdy-
sadyýet babatynda özüni alyp barşyny, ýagny dürli maddy we ruhy 
nygmatlary öndürmegiň, olaryň paýlanyşynyň we peýdalanylyşynyň 
barşynda ýekelikdäki we jemgyýetçilik hereketlerini düşündirmek 
wezipesine gabat gelmelidir.
Ykdysady adamyň nusgasy ýa-da “homo economicus” kesgitli 
birtaraplaýynlyk bilen tapawutlanýar, çünki ynsan diňe bir hojalyk 
durmuşynda özüni görkezýän “ykdysady adam” däldir. Ýaşaýyş dur­
muşynyň ençeme başga ugurlary (syýasat, medeniýet, din, maşgala 
we beýleki şahsyýetara gatnaşyklary we başgalar) hem bar bolup
adam olarda-da öz belli bir ornuny tutýar. Şonuň üçin ynsanyň logiki 
nusgasy adamlaryň ykdysady işini, ýagny şahsyýetiň öz ukyplaryny 
durmuşa geçirişiniň düýpli häsiýetnamasyny, aýratynlykdaky ada­
myň, hem tutuş jemgyýetiň hem ýaşaýşynyň ähli beýleki taraplary­
nyň şertlerini, esasyny we deslapky ýüze çykyş mümkinçiliklerini 
nazara almalydyr.
Adamy “nusgalaşdyrmagyň” köp sanly ugurlarynyň arasynda
şertli ýagdaýda, üç sany ugry tapawutlandyrmak mümkindir. Olaryň 
aralaryndaky tapawutlar, birinjiden, adamyň şahsy häsiýetnamalary­
nyň köp dürlüliginden üzňeleşme derejesi bilen, ikinjiden, çygrynda 
adamlaryň işi alnyp barylýan ykdysady, syýasy we psihologik ýag­
daýyň nazara alynmagy bilen kesgitlenilýär.


24
Birinji ugra iňlis nusgawy mekdebi, maržinalizm we täze nus­
gawylyk mekdepleri wekilçilik edýär. Bu ugruň çäklerinde işlenip 
düzülen nusgalaryň özeninde “ykdysady adamyň” işiniň baş delili 
bolan pul gazanmak bähbidi goýulýar. 
Seredilip geçilýän nusgalardan has meşhury “homo econo-

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling