B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet8/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Mikroykdysadyýet ykdysadyýet ylmynyň has aşak dereje­
lerdäki ykdysady hadysalary, subýektleri, esasan hem, kärhanalary, 
firmalary, telekeçileri, olaryň hojalyk işini we olaryň aralaryndaky 
ykdysady gatnaşyklary öwrenmek bilen meşgullanýan bölegidir. 
Mikroykdysadyýet subýektleriň bazarda özlerini alyp baryşlary­
ny, önümçilik, paýlaýyş, alyş-çalyş we sarp ediş mahalynda olaryň 
aralarynda emele gelýän gatnaşyklary hem öwrenýär. Şol bir wagtyň 
özünde mikroykdysadyýetiň öwrenýän obýekti bolup, önüm öndüri­
jileriň, telekeçileriň we döwletiň aralaryndaky ykdysady gatnaşyklar 
hyzmat edýär. 


18
Şeýlelikde, mikroykdysadyýet ykdysadyýet ylmynyň iň jikme-
jikleşdirilen bölegi bolup durýar, çünki ol önümçiligiň we harydyň 
ýa-da harytlar toparynyň möçberi, harydyň nyrhy, ony öndürmek üçin 
harajatlar, satuwdan düşen pul, kärhanalaryň, telekeçilik gepleşikle­
riniň, hojalyk taslamalarynyň netijeliligi ýaly düşünjeler we görkezi­
jiler bilen iş salyşýar. Degişlilikde, ykdysadyýet ylmynyň bu bölegi 
gös-göni düşünmäge, anyk göz ýetirmäge has elýeterlidir. 
Makroykdysadyýet we mikroykdysadyýet biri-birleri bilen je­
bis baglanyşyklydyrlar we olar öz aralarynda täsir edişýärler. Mik­
roykdysadyýet makroykdysadyýetiň esasynda durýar, makroykdysa­
dyýet bolsa onuň bir ýere jemlenen görnüşdäki netijesi bolup durýar. 
Şol bir wagtyň özünde makroykdysady ululyklara, görkezijilere diňe 
mikroykdysady görkezijileriň ýönekeý jemlenen netijesi hökmün­
de garamaly däl. Ýurduň ykdysadyýeti makroykdysady derejede 
düzgünleşdirilende, ilki makroykdysady görkezijileriň bellenip, soň-
ra olary böleklere bölmek arkaly mikroykdysady ululyklaryň emele 
getirilmegi­de mümkindir. 
şunlukda “makroykdysadyýet” adalgasy, köplenç, “makro­
ykdysady syýasat” söz düzüminde peýdalanylýar we ol hem ykdy-
sadyýeti döwlet tarapyndan düzgünleşdiriş syýasatyny aňladýar 
hem-de hökümetiň esasy ünsi makroykdysady görkezijilere, ýagny 
tutuş ykdysadyýete täsir etmegine gönükdirmegi bilen tapawutlanýar. 
Şeýle makroykdysady özgerişleriň netijesinde ykdysadyýetiň tutuş 
ýagdaýy, şol sanda onuň aşaky derejeleri hem, gerekli üýtgeşmelere 
sezewar bolýar.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling