B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§3. Ykdysady nazaryýet we amaly ykdysadyýet


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet6/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§3. Ykdysady nazaryýet we amaly ykdysadyýet
Ykdysadyýet ylmynyň nazary we amaly böleklere bölünmegi 
dog rudyr. Şonuň ýaly bölünişik nazaryýetçiler we amaly ykdysatçylar 
tarapyndan öwrenilýän ykdysady obýektlere we hadysalara göz ýetir­
megiň we olary beýan etmegiň ulanylýan usullaryndaky iş ýüzündäki 
tapawutlary nazara alýar. 
Ykdysady nazaryýet ykdysady hadysalary “sap”, “ideal” görnüş­
de görkezmeklige we beýan etmeklige ýykgyn edýär, ençeme abstrakt 
düşünjeleri ulanýar, hakyky ýagdaýy takmynan beýan edýän model­
lere ymtylýar. Durmuş hakykatyny öz bolşunda şöhlelendirmeýän­
digine garamazdan, nazary modeller umumy ykdysady ýagdaýy su­
ratlandyrmak, esasy şertleri ýüze çykarmak, hakykata golaýlaşýan 
düşünjeleri, meýilleri kesgitlemek nukdaýnazaryndan peýdalydyr. 
Nazary ykdysadyýete syýasy ykdysat degişli edilýär, onuň özi 
ykdysadyýet ylmyndaky ykdysady hadysalaryň bolup geçmeginiň 
umumy kanunalaýyklyklaryny ýüze çykarmak bilen baglanyşykly 


16
nazary ugur hökmünde döräpdi. Ykdysady-matematiki modelirle­
me, has giňişleýin babatda bolsa, ykdysadyýeti dolandyrmagyň esasy 
ýörelgelerini öwrenýän ykdysady kibernetika hem ykdysady nazary­
ýete sepleşip gidýär.
Ykdysadyýet ylmynyň amaly ykdysadyýet diýen şahasy ykdy-
sadyýeti anyklap öwrenmek bilen baglanyşyklydyr hem-de ykdysady 
hadysalary önümçilik işini jikme-jik seljermek esasynda öwrenmek 
wezipesini öz öňünde goýýar. Amaly ykdysadyýete hakyky maglu­
matlar esasynda hasaplamalaryň geçirilmegi, anyk sanlaryň giňden 
peýdalanylmagy mahsusdyr.
Amaly ykdysadyýet makroykdysady meselelere-de garaýar we 
seljerme berýär, emma aşa abstraktlaşdyrmakdan gaça durup, olara 
anyk çemeleşýär. Amaly ykdysadyýet, ylmy nazaryýet bilen deňeşdi­
rilende, hojalyk ýöretmegiň iş tejribesine, ykdysady işiň anyk görke­
zijilerine daýanýandygy bilen tapawutlanýar. 
Nazary ykdysadyýet hem, amaly ykdysadyýet ylmy hem ykdy-
sady statistikanyň maglumatlaryny, ykdysady görkezijileriň selje­
rilmegini, deňeşdirilmegini giňden peýdalanýar. Emma munuň özi 
ykdysadyýeti dar manydaky tejribe öwreniş ylmyna syrykdyrmaga 
delil bolup bilmez. Ykdysadyýet ylmy, şübhesiz, toplanan tejribäni 
öwrenýär we şonuň esasynda umumylaşdyrylan netijeleri çykarýar. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling