B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet5/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§2. Ykdysadyýet ylmynyň usullary
Ykdysadyýet ylmy akyl ýetiriş usullarynyň giň toplumyny ulan ýar:
ylmy abstragirleme usuly obýektiň barlag edilişini tötänleýin, 
wagtlaýyn hadysalardan saplamakdan we mydamalyk, kysymdaş, 
mahsus sypatlary kesgitlemekden ybaratdyr. Abstragirleme usulynyň 
kömegi bilen barlag edilýän obýektleriň düýp mazmunyny aňladýan 
ylmy düşünjeler kesgitlenýär hem-de ykdysady modeller gurulýar; 
• analiz we sintez usuly hadysalaryň bölekler boýunça (analiz) we tu­
tuşlygyna özara baglanyşykda (sintez) öwrenilmegini göz öňünde tutýar;
materialistik dialektika usuly ykdysady hadysalara üznüksiz 
ösüşde we özara baglanyşykda seredilmegini aňladýar;
• taryhy we logiki usullar ykdysady hadysalar öwrenilende, degiş­
li netijeleri çykarmak arkaly olara dogry baha berilmegine mümkin-
çilik döretmek üçin ylmy barlaglaryň logiki taýdan yzygiderli umu­
mylaşdyryş bilen utgaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar; 


15
• induksiýa we deduksiýa usullary aýry-aýry şertleriň seljermesi 
esasynda umumy netije (induksiýa), umumy ýagdaýdan bolsa hususy 
netije (deduksiýa) çykarylýar;
• mukdar üýtgeşmeleriniň hil üýtgeşmelerine geçişini ýüze çykar-
ýan usul hadysalar seljerilende we umumylaşdyrylanda ykdysady iş 
we jemgyýetçilik ýaşaýşyndaky hadysalar baradaky statistiki maglu­
matlaryň giňden peýdalanylmagyna daýanýar; 
ykdysady-matematiki modelirleme barlaglaryň ulgamlaýyn 
usullarynyň biri bolmak bilen, ykdysady hadysalaryň üýtgemeginiň 
sebäplerini, şol üýtgemeleriň kanunalaýyklyklaryny, olaryň netijele­
rini resmileşdirilen görnüşde kesgitlemäge, şonuň ýaly-da, ykdysady 
hadysalaryň çaklanmagyna mümkinçilik berýär;
• ykdysady synaglar hatda, olaryň ähtimal netijelerini ykdysady 
durmuşda takyk çaklamak mydama mümkin bolup durmasa-da, ge­
reklidir. Her niçik bolanda hem, ykdysady synaglar hojalyk işine or­
naşdyrylanda, öz-özünden bolýan hereketleriň kadasyna öwrülmeli 
däldir. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling