B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§4. Jemgyýetçilik hojalygynyň ykdysady nusgalary


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet9/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§4. Jemgyýetçilik hojalygynyň ykdysady nusgalary
Ykdysady gatnaşyklaryň jemi hökmünde ykdysadyýet jemgy­
ýetiň öz esasynda eýeçiligiň (umumy, hususy ýa-da garyşyk) agalyk 
ediji görnüşi bolup durýan ykdysady ulgamydyr. Taryhda jemgyýet-
çilik hojalygynyň üç sany görnüşi mälimdir, olara natural hojalyk
administratiw-buýruk beriş ykdysadyýeti hem-de hususy eýeçiligiň 
agalyk edýän we häzirki wagtda garyşyk eýeçiligiň agdyklyk edýän 
bazar ykdysadyýeti degişlidir. 


19
natural hojalyk – hojalygy ýöretmegiň maddy nygmatlary we 
hyzmatlary aýratyn hojalyk birliginiň içinde sarp etmek üçin öndür­
mekligiň görnüşidir. Natural hojalyk ösmedik jemgyýetçilik zähmet 
bölünişigine esaslanýar. Oňa önümçiligiň ýapyk, ýerli, şol hojalygyň 
özünde çäklenýän häsiýeti mahsusdyr. Natural hojalygyň häzirki za­
man görnüşine özbaşdak ykdysadyýet mysal bolup biler, ol ýurduň 
agdyklaýyn içerki sarp edişe nazarlandyrylan milli hojalygydyr. Şo­
nuň ýaly hojalykda adamyň islegleriniň kanagatlandyrylyşy iň pes 
derejä çenli azalýar. 
Administratiw buýruk beriş (merkezleşdirilen meýilnama-
laýyn) ykdysadyýet – munuň özi jemgyýetçilik hojalygynyň ösen 
jemgyýetçilik zähmet bölünişigi, önüm öndürijileriň ýöriteleşmesi, 
ykdysady düzümleriň köp dürlüligi mahalynda organiki bitewi ykdy-
sadyýetiň ösüşi merkezden aňly-düşünjeli görnüşde berk düzgünleş­
dirilýän we hökmürowan dolandyrylýan görnüşidir. Dolandyryşyň 
administratiw buýruk beriş usullary, adatça, adatdan daşary şertler 
ýüze çykanda we olar emeli ýagdaýda goldanylanda ulanylýar. Şeýle 
adatdan daşary ýagdaýlara tebigy betbagtçylyklar, uruşlar, çökgün­
likler degişlidir.
Bazar ykdysadyýeti – ykdysadyýeti guramagyň önümçilik bilen 
sarp edişiň arasyndaky özara baglanyşygy bazaryň üsti bilen üpjün 
edýän haryt önümçiligine esaslanan jemgyýetçilik görnüşidir. 
Merkezleşdirilen döwletiň ykdysady we syýasy häkimiýetiniň aga­
lygy mahalyndaky gatnaşyklar taryhda bazar ykdysadyýetiniň ilkinji 
nusgasy bolupdyr. Bu ýagdaýyň ykdysady ulgamyň ösmegi üçin ýara­
maz netijelere getirmegine garamazdan, umuman alnanda, ýeterlik dur­
nuklylyga eýe bolupdyr. Ol, hatda, bazar ykdysadyýetiniň elementleri bar 
bolan ýagdaýynda hem, ösüşiň haýal gitmegine, nygmatlaryň ýeterliksiz 
öndürilmegine getiripdir, bu bolsa yzagalaklyga sebäp bolupdyr. 
Bazar ykdysadyýetiniň ikinji nusgasyna şahsyýetiň döwletiň 
üstünden agalyk etmegi, ösüşiň esasy hökmünde hususy eýeçiligiň mi­
zemez agalygy, eýeçiligiň döwlet häkimiýetinden bölünip aýrylmagy 
häsiýetlidir. Hususy eýeçiligiň agalyk etmeginiň binýadynda innowa­
sion işiň ösmegine, önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlanmagyna güýçli 
höwes döredýän hususy telekeçilik çalt ösüpdir. Hususy eýeçilik arkaly 
döredilýän hut şol höwesler ykdysady ösüşiň esasyna öwrülipdir.


20
Häzirki zaman bazar hojalygy eýeçiligiň iki sany, ýagny umu­
my (döwlete degişli) we hususy görnüşleriniň özara täsir edişmegi 
esasynda guralýar. Häzirki zaman bazar hojalygynyň şu nusgalary 
mälimdir: liberal (korporatiw) ykdysadyýet, durmuş ugruna nazarlan­
dyrylan ykdysadyýet we garyşyk ykdysadyýet. 
Liberal ykdysadyýete iri telekeçiligiň bähbitleriniň ilkinji no­
batda goralmagy, ykdysadyýetde döwlete degişli bölegiň ujypsyz 
bolmagy we hojalyk işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň baş 
ýörelgesi hökmünde esasy ileri tutmalaryň döwlet tarapyndan kes­
gitlenmegi häsiýetlidir. 
Durmuş ugra nazarlandyrylan ykdysadyýetde ilatyň (raýatlaryň) 
bähbitleriniň goralmagyna esaslanylýar, milli ykdysadyýetde döwlete 
degişli bölek 30%-denem gowrak uly paýy eýeleýär, döwlet düzgün­
leşdirişiniň esasy usuly hökmünde uzak möhletleýin maksatnamalaş­
dyryş ulanylýar. 
Garyşyk ykdysadyýetde döwlete degişli bölegiň paýy durmuş 
ugra nazarlandyrylan ykdysadyýetdäkä görä azdyr, emma hojalyk 
işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň gytaklaýyn usullaryny 
ulanmak arkaly telekeçiligiň ösmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling