B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet10/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

şeýlelik bilen, häzirki zaman bazar ykdysadyýetiniň bu nusga­
lary öz aralarynda umumy (döwlet) eýeçiliginiň we hususy eýeçili­
giň mynasybeti (gatnaşygy) bilen tapawutlanýarlar. Şol mynasybet­
li döwlet tarapyndan çözülýän wezipeleriň ileri tutulyşyna hem-de 
öňde durýan durmuş-ykdysady meseleleri hususy eýeçiligiň özbaş­
dak çözüp biliş mümkinçiligine bagly bolup durýar. 
Soraglar we ýumuşlar:
1. Ykdysadyýet näme? Onuň nähili kesgitlemesini bilýärsiňiz?
2. Ykdysadyýet ylmynyň predmeti näme?
3. Ykdysadyýet ylmynyň usullary haýsylar?
4. Ykdysady nazaryýet diýip nämä düşünýärsiňiz?
5. Amaly ykdysadyýet diýip nämä aýdylýar?
6. Makroykdysadyýet näme? Mysallaryň üsti bilen gürrüň beriň.
7. Mikroykdysadyýet näme? Mysallaryň üsti bilen gürrüň beriň.
8. Makroykdysadyýet bilen mikroykdysadyýetiň näme tapawudy bar?
9. Jemgyýetçilik hojalygynyň haýsy ykdysady nusgalaryny bilýärsiňiz?
10. Häzirki zaman bazar ykdysadyýetiniň nusgalaryna haýsylar degişli? 
Olar barada mysallaryň üsti bilen gürrüň beriň.


21
I Bölüm
MiLLi YkdYsadYýet We ONUŇ ÖsÜşi
I. 
YKDYSADYÝET DÜNÝäSINDE ADAMYŇ
oRnY
§1. Häzirki zaman ykdysadyýetinde adamyň orny
Häzirki zaman bazar ykdysadyýetinde adam köp dürli ykdysady 
wezipeleri ýerine ýetirýär. Adam öndüriji güýçleriň janly göterijisi­
ne mahsus sypatlaryň ençemesine, köp dürli isleglere we ukyplara 
eýedir. Gatnaşyklaryň işjeň dörediji subýekti bolmak bilen, häzirki 
zaman ykdysadyýetinde adam köp wezipeleri ýerine ýetirýär.
Adamyň öndüriji güýçleriniň düzüminde iki sany tarapy, ýagny 
işçi güýjüni ýa-da zähmet çekmek ukybyny hem-de sarp edijilik güý­
jüni ýa-da sarp etmäge ukybyny tapawutlandyrmak zerurdyr. Zähmet 
işçi güýjüniň wezipesi, sarp ediş hem sarp edijilik güýjüniň wezipesi 
bolup durýar. 
Adamda zähmete ukyplylygy-da, sarp etmäge ukyplylygy-da ke­
mala getirmek bilen meşgullanmak zerurdyr. Häzirki zaman ykdysady­
ýetiniň ulgamynda adamyň ornuna häsiýetnama berlende düşünjeleriň 
birgideni ulanylýar: ykdysady adam, işçi güýji, önümçiligiň adam fak­
tory, zähmet resurslary, adam resurslary, ynsan maýasy, telekeçi. 
Ykdysady adam – bazar ykdysadyýetiniň erkin seçip almaga 
hem-de bar bolan ähli şertlerden, mümkinçiliklerden we maglumat­
lardan öz bähbitlerine we maksatlaryna laýyklykda ugur alyp, netijeli 
çözgütleri kabul etmäge ukyply baş döredijilik subýektidir.


22
Işçi güýji – adamyň janly şahsyýeti bilen aýrylmaz baglanyşykly 
iňňän möhüm sypatlandyryjy häsiýeti bolmak bilen, zähmet çekmäge 
bolan indiwidual ukybydyr. Zähmete bolan bu ukyp heniz herekete 
getirilmedik öndürijilik ukybydyr. Ol anyk kärhanadaky peýdalanyl-
ýan işçi güýjüniň köplügine goşulyp, anyk önümçilik serişdeleri bilen 
birikdirilende, hakyky öndüriji güýje öwrülýär. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling