B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§2. Salgytlar we olaryň toparlara bölünişi


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet101/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   97   98   99   100   101   102   103   104   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§2. Salgytlar we olaryň toparlara bölünişi
Salgytlar – bu fiziki we ýuridik şahslaryň, ähli hojalyk subýektle­
riniň öz girdejileriniň belli bir bölegini döwlet býujetiniň we ýerli 
býujetleriň girdejilerini doldurmak üçin döwletiň salgyt ulgamynyň 
üsti bilen geçirýän hökmany tölegleridir.
Salgyt ulgamy – döwlet býujetine we ýerli býujetlere salgytlary 
we ýygymlary döwletiň maliýe serişdelerini jemlemegiň olara mah­
sus bolan görnüşlerde we usullarda guralmagy bilen meşgullanýan 
edaralarnyň köplügidir. 
Salgytlaryň esasy görnüşleri şu aşakdaky alamatlar boýunça to­
parlara bölünýär.
Salgyt salmagyň obýektleri boýunça:
• girdejilere salynýan salgytlar;
• emläge salynýan salgyt;
• belli bir harytlary we hyzmatlary satyn alyjylaryň çykdajylaryna 
salynýan salgytlar.
Alnyş usullary boýunça:
• göni salgytlar. Olar girdeji gazanýanlaryň ýa-da emläk eýeleri­
niň özlerinden alynýar (girdeji salgydy, eýeçilige salynýan salgyt we 
beýlekiler);
• gytaklaýyn salgytlar. Olar belli bir harydyň nyrhyna goşulýar 
hem-de satylan mahalynda olar sarp edijilerden alynýar (meselem, 
aksizler).
Möçberiniň kesgitleniş usuly boýunça salgyt salmagyň deňölçeg­
li we ilerleýjilikli ulgamlary öz aralarynda tapawutlandyrylýar.
Deňölçegli ulgam mahalynda salgytlaryň girdejilere, çykdajy­
lara ýa-da emlägiň gymmatyna bagly bolmadyk üýtgewsiz göterim 
ölçegi bolýar.
Ilerleýjilikli ulgam mahalynda salgytlaryň ölçegi girdejiler ýa-da 
emlägiň möçberi köpeldigiçe ýokarlanýar. 
Salgyt girdejileriniň gelip düşýän býujet derejesi boýunça umu­
my döwlet salgytlaryna we ýerli salgytlara bölünip çykarylýar.
Peýdalanylyş tertibi boýunça döwletiň bitewi gaznasyna düşýän 
umumy salgytlar hem-de belli bir niýetlenişi bolan maksatlaýyn ýa-
da ýörite salgytlar öz aralarynda tapawutlanýar.


152

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   97   98   99   100   101   102   103   104   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling