B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§6. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde durmuş deňligi


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet109/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   105   106   107   108   109   110   111   112   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§6. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde durmuş deňligi
we adalatlylygy
Durmuş deňligi adalatly jemgyýetçilik gurluşynyň esasy ýörel­
geleriniň biridir. Durmuş adalatlylygy bolsa, ilatyň durmuş ýagdaýyn­
daky, onuň dürli durmuş toparlarynyň arasyndaky durmuş deňliginiň 
ýa-da deňsizliginiň ölçegidir. Ol ölçeg jemgyýetiň ykdysady we ruhy 
ösüşiniň derejesi bilen obýektiw halda şertlendirilendir. 
Durmuş deňligi we adalatlylygy diňe bir hukuk, ahlak, edara ediş 
gatnaşyklarynda däl, eýsem, ozaly bilen, binýatlaýyn, ýagny ykdysa­
dy gatnaşyklarda, hususan-da, eýeçilik, zähmet gatnaşyklarynda, bili­
miň, medeniýetiň, lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterli bolmagynda, 
dynç alşyň guralyşynda, ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçilikde, eneler, ça­
galar, gartaşan adamlar, maýyplar barada alada edilişinde hasyl bolýar. 
Şonda durmuş adalatlylygyň diňe maddy nygmatlaryň paýlanmagy 
bilen çäklenmän, önümçilige, dolandyryşa gatnaşmak babatyndaky 
gatnaşyklary hem öz içinde alýandygyny belläp geçmek gerek. 
Bazar ykdysadyýeti şertlerinde jemgyýetiň agzalarynyň durmuş 
deňliginiň we durmuş adalatlylygyň ösmek mümkinçiligi aradan aý­
rylmaýar. Şol bir wagtyň özünde hem ol durmuş deňligi we durmuş 
adalatlylygyny doly üpjün etmeýär. Bazar gatnaşyklary girdejileriň 
uly möçberlerde, köplenç, aklap bolmajak dürlüleşmegi bilen ugur­
daş ösýär. Şonda girdejler diňe bir goýlan zähmete we maýa, tele­
keçiniň guramaçylyk zehinine däl, eýsem, hojalyk ýagdaýynyň emele 
gelşine, işiň şowlulygyna, “aşygyň alçy gopuşyna” hem bagly bolýar. 
Girdejileri gyradeňleşdirmek hem-de girdejileriň emele geti­
rilişinde durmuş adalatlylygy ýörelgesini ösdürmek maksady bilen


164
daşary ýurt döwletlerinde girdejiler işçi güýjüniň bazary, döwletiň 
gatyşmagy, işgärler bilen telekeçileriň arasynda baglaşylýan köp-
çülikleýin şertnamalar, öz hünärini ýokarlandyrýan, kärleri we aýry-
aýry zähmet işlerini utgaşykly alyp barýan işgärleri höweslendirmek, 
işgärleri kärhanalaryň hojalyk işiniň netijeleri boýunça maddy taýdan 
höweslendirmek arkaly düzgünleşdirilýär.
Eýeçilik gatnaşyklaryny özgertmek esasynda bazar ykdysadyýe­
tiniň ösdürilýän şertlerinde girdejileri düzgünleşdirmegiň şunuň ýaly 
tejribesi Türkmenistan üçin hem derwaýysdyr.
Durmuş deňligi we adalatlylygy meselesi ýurduň ähli raýatlary­
nyň bähbitlerine gös-göni dahyllydyr. Maddy nygmatlaryň jemgyýe­
tiň emläk taýdan gatlaklara bölünmegine getirýän paýlanylyşy, aşa 
dürlüleşen möçberlerdäki girdejileriň alynmagy oňaýsyz ýagdaýlara 
getirip biler. 
şonlukda, döwlet özüniň girdejiler babatyndaky durmuş syýasa­
tynda ilatyň aýry-aýry durmuş toparlarynyň bähbitlerini goramagyň 
ulgamyny, girdejileri salgytlaryň üsti bilen gaýtadan paýlaýyş meha­
nizmini kämilleşdirip durýar. Bu işiň ähli hojalyk subýektleri üçin bir 
meňzeş ykdysady şertleriň döredilmegi, döwrebap tehnologiýlar esa­
synda işleýän iri kärhanalarda täze iş orunlarynyň döredilmegi, ow­
nuk telekeçiligiň ösdürilmegi, ilaryň öz-özüni iş bilen üpjün etmegine 
mümkinçilikleriň giňeldilmegi ýaly çäreler bilen utgaşykly alnyp bar­
lylmagy has ýokary netije berýär.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   105   106   107   108   109   110   111   112   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling