B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§4. Durmuş goragy we durmuş kepillikleri


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet107/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   103   104   105   106   107   108   109   110   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§4. Durmuş goragy we durmuş kepillikleri
Durmuş goragy gymmatlyklar ulgamy hökmünde adamyň we 
ilatyň durmuş toparlarynyň jemgyýetdäki hukuklarynyň berjaý edil­
meginden ötri, özara baglanyşykly kanunçylyk, ykdysady we durmuş 
şertleriniň häsiýetnamasyny aňladýar hem-de olaryň döwlet edarala­
ryna daýanyş derejesini beýan edýär. 
Adamyň bähbitleriniň durmuş taýdan goralmagy ony işsizlikden, 
kesellän, çaga dogran, önümçilik şikeslenmesine sezewar bolan
maýyp bolan, garran mahalynda we ş.m. ýagdaýlarda girdejisini ýi­
tirmekden we onuň kemelmeginden goramaklygyň çäreler ulgamyny, 
şonuň ýaly-da bilim, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň edilmegini we 
çagaly maşgalalara hemaýat edilmegini öz içine alýar. 
Bazar ykdysadyýetine geçilmegi ilatyň durmuş taýdan goragly­
lygynyň düýpli üýtgedilmegini talap edýän täze şertleri herekete ge­
tirýär. Şol şertler, ozaly bilen, ykdysadyýetiň döwlet eýeçiliginden 
aýrylmagy we hususyýetleşdirilmegi, täze döredilen gymmatyň paý­
lanyşyndaky we nyrh emele gelşindäki üýtgeşmeler, ykdysadyýetiň 
düzüm taýdan özgerdilmegi we başgalar degişlidir. 
Şonuň üçin bazar ykdysadyýetinde ilaty durmuş taýdan gorama­
gyň täze mehanizmini döretmek zerurdyr. Ol hem aşakdaky ýörelge­
lere esaslanýar:
• telekeçileriň girdejileriniň salgyt mehanizmi arkaly düzgünleş­
dirilmegi;
• zähmete hak tölemekdäki hökmany binýat hökmünde hakyna­
tutma işgärleriň iş hakynyň iň aşak derejesiniň kanunçylyk tertibinde 
tassyklanyp kepillendirilmegi;


161
• iş hakyny indeksleşdirmek arkaly ilatyň ýaşaýyş derejesiniň go­
ralmagy; 
• durmuş ýagdaýyna, ýaşyna, zähmete bolan ukybyna, maşgala­
synyň düzümine baglylykda, ilatyň durmuş-demografik toparlarynyň 
meselelerine dürlüçe çemeleşilmegi;
• döwlet tarapyndan öz raýatlaryna berilýän kanunçylyk arkaly 
berkidilen durmuş-ykdysady kepillikleriniň ulgamynyň döredilmegi.
Türkmenistanda hut şonuň ýaly hukuk binýady döredilýär. 
Durmuş goragy ulgamy ähli derejelerde, ýagny milli, sebitleýin 
(welaýat, şäher, etrap) zähmet toparlary we maşgala derejelerinde he­
reket etmelidir. 
Ilaty durmuş taýdan goramagyň ulgamy ýurtda bazar gatnaşykla­
ryny döwrebap, adalatly esasda ýola goýluşynyň ölçegi bolup durýar. 
Durmuş goragy we durmuş kepillikleri adalatlylygy yzygiderli amala 
aşyrmagyň şertleridir.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   103   104   105   106   107   108   109   110   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling