B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti
Download 1.42 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- ХVI. DURMUş YKDYSADYÝETINIŇ ESASY PuDAKlARY §1. Bilim we medeniýet Bilim.
- Milli bilim nusga- syny
Soraglar we ýumuşlar:
1. Durmuş ykdysadyýeti diýip nämä düşünýärsiňiz? 2. Ýaşaýyş derejesi bilen ýaşaýşyň hili düşünjeleriniň nähili tapawudy bar? 3. Isleg diýip nämä düşünýärsiňiz? 4. Durmuş islegleriniň nähili görnüşlerini bilýärsiňiz? 5. Islegleriň tapawudyny açyp görkezmäge synanyşyň. 6. Sarp ediş býujeti näme? 7. Maşgalanyň rejeli sarp ediş býujetine nähili düşünýärsiňiz? 8. Durmuş goragy we durmuş kepillikleri barada aýdyp beriň. 9. Durmuş üpjünçiligi diýmek nämäni aňladýar? 10. Türkmenistanda durmuş kömeginiň haýsy görnüşleri berilýär? 11. Lukmançylyk kömegi barada gürrüň beriň. 12. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde durmuş deňligi we adalatlylygy barada düşünje beriň. 165 ХVI. DURMUş YKDYSADYÝETINIŇ ESASY PuDAKlARY §1. Bilim we medeniýet Bilim. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkme nistanda bolup geçýän durmuş-ykdysady özgertmeler milli bilim ul gamynyň ösüşi bilen pugta baglanyşyklydyr. Bilim jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we milli ösüşiniň esasy hökmünde döwleti ösdür megiň ileri tutulýan pudagyny düzýär. Türkmenistanda bilim ynsan perwerlik, demokratiýa, adamlaryň hem-de halklaryň arasynda özara hormat goýmak başlangyçlaryna esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türk- menistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyryly şy” atly düýpli işinde “Häzirki döwürde jemgyýetiň hakyky gymmatlygynyň ýe rasty baýlyklardan däl-de, adamlardan, olaryň bilim lerinden, hünär taý dan we adam hökmünde berýän netijesinden ybaratdygyny” belleýär. Bu sözlerde biziň ähli ugurlardaky, şol sanda ýurdumyzdaky bilimde amala aşyrylýan özgertmelerimiziň logikasy we many-mazmuny jemlenýär. Türkmenistanda milli bilim ulgamy Türkmenistanyň Konstitu siýasyna, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, şeýle hem halkara hukugynyň kadalaryna we ýurduň bilim ulgamy babatdaky gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda durmuşa geçirilýär. 2012-nji ýylyň oktýabr aýyndaky Ýaşulular maslahatynda çykyş edip, ýurduň Lideri “umumybilim berýän mekdepleri on iki ýyllyk etmegiň, daşary ýurt dilinde bilim berýän ýokary okuw mekdeple riniň, şeýle hem tölegli bilim berýän guramalaryň döredilmeginiň” wajyplygy hakyndaky tezisi öňe sürdi. “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanuny (9-njy madda) bilim basgançagyna laýyklykda okatmagyň ýeke-täk ulgamynyň döredil megini göz öňünde tutýar. Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, bilimiň şu aşakdaky basgançaklary bellenildi: mekdebe çenli; umumorta bilim; başlangyç hünär bilimi; orta we ýokary hünär bilimi; ýokary bilim mekdebinden soňky hünär bilimi. 166 Bilim basgançagy we üznüksiz okuw ulgamy Milli bilim nusga- syny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň bilim nusga synda bilim edaralarynyň arasynda okuwyň yzygiderliligi görkezilýär. Ýurduň bilim edaralarynda okatmak bellenilen tertipde bilimi dolandyrýan döwlet edaralary tarapyndan tassyklanan ýa-da ylalaşy lan okuw meýilnamalaryna we maksatnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Üznüksiz bilimiň milli ulgamynyň bölekleriniň biri-de mekdebe çenli çagalar edaralarydyr, olarda bir ýaşdan alty ýaşa çenli çagalar gözegçilik astynda durýarlar we terbiýelenýärler. Çagalar alty ýaşyna ýetenlerinde, orta bilimiň ýeke-täk milli maksatnamasyny durmuşa geçirmeli umumybilim berýän mekdeplerde üznüksiz bilimi dowam etdirýärler. Mekdeplerde okamak Türkmenistanyň raýatlarynyň çaga lary üçin mugtdur. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan da ýokary we orta hünär bilimini almaga umumy orta bilim ber ýän mekdeplerde on iki ýyllyk okuw gerek. Umumy orta bilim berýän mekdepleri tamamlanlaryndan soň okuwçylar ýokary hünär bilimini almak maksady bilen, okuwyny dowam etdirmek üçin uniwersitete ýa-da instituta girip bilerler, şeýle-de başlangyç ýa-da orta hünär ber- ýän mekdeplerde okap bilerler. Ýokary hünär biliminiň maksady Türkmenistanyň ykdysadyýeti niň pudaklary üçin taýýarlyk we hünär ugurlary boýunça hünärli iş gärleri nazary we amaly taýdan düýpli taýýarlamak, şeýle hem bilimi, ylmy-mugallymçylyk hünärini çuňlaşdyrmakda we giňeltmekde şah syýetiň isleglerini doly kanagatlandyrmak bolup durýar. Ýokary hünär bilimini almak üçin uniwersitetde ýa-da institut da kärine we okuwyň görnüşlerine baglylykda, bäş ýa-da alty ýyl okamaly, bu bolsa gutarnykly maksat bolup biler ýa-da ýokary okuw mekdebin den soň hünär bilimini dowam etdirmek üçin esas bolup biler. Milli bilim ulgamynyň esasyny umumy orta bilim berýän, ýoka ry we orta bilimli hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdepleri düzýär. Şu aşakdaky maglumatlar olaryň ösüşine şaýatlyk edýärler (24-nji tablisa). |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling