B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet108/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   104   105   106   107   108   109   110   111   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Durmuş kepillikleri döwletiň öz raýatlarynyň öňündäki zerur 
isleglerini kanagatlandyrmak boýunça borçlaryny aňladýar. Durmuş 
kepillikleriniň düzümi we olary durmuşa geçirmegiň mehanizmi 
obýektiw we subýektiw şertleriň täsiri astynda üýtgäp durýar.
Durmuş kepillikleri adamyň jemgyýetçilik we şahsy durmuşy­
nyň ähli ýaýrawlaryny gurşap almalydyr. Munuň özi bilime, ýaşlaryň 
zähmet işine taýarlanyşyna, ekologik taýdan howpsuzlyga, her bir 
şahsyýetiň raýatlyk hukuklarynyň goralmagyna we ş.m. hem dahylly­
dyr. Durmuş kepillikleriniň obýektiw zerur we jemgyýetçilik taýdan 
maksadalaýyk çäkleri bolýar. 
§5. Durmuş üpjünçiligi we durmuş kömegi
Ilatyň belli bir gatlaklaryna döwlet, hökümet, jemgyýet tarapyn­
dan durnukly durmuş goldawyny bermegiň dürli görnüşleri bar. Bu 
ýerde gürrüň uzak wagtlap ýa-da mydama döwletiň we jemgyýetiň 
eklenjinde, esasanam, döwlet üpjünçiliginde durýan adamlar barada 
barýar. Şol adamlara kömek etmek, olary zerur ýaşaýyş serişdeleri bi­
len üpjün etmek üçin ykdysadyýetiň durmuş üpjünçiligi diýen ýörite 
pudagy bar.
11. Sargyt №50


162
Durmuş üpjünçilik guramalary ilatyň ýaşy, maýyplygy, zähme­
te ukyplylygynyň çäkli bolmagy, başga ýaşaýyş serişdeleriniň bol­
mazlygy zerarly uzak wagtlyk ýa-da mydama kömek almaga ka­
nunçylyk esasynda hukugy bar bolan toparlary baradaky aladany öz 
üstlerine alýar.
Durmuş üpjünçiligiň has ýaýran görnüşi pensiýa üpjünçiligidir
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, aýallar 57 ýaşda, er­
kekler 62 ýaşda pensiýa çykmak hukugyna eýedirler. Saglyga zyýan­
ly önümçiliklerde işleýänler, şonuň ýaly-da harby gullukçylar üçin 
bu ýaş has-da aşak bellenendir. Pensionerlere olaryň işlän döwrüniň 
dowamlylygyna we şol döwürdäki iş hakynyň derejesine baglylykda 
pensiýa tölenýär.
Emma islendik ýagdaýda hem olaryň her birisine pensiýanyň 
kanunda göz öňünde tutulan iň az derejeden aşak bolmadyk möçbe­
ri kepillendirilendir. Garrylyk boýunça pensiýadan başga, maýyplyk 
üçin pensiýa hem berilýär. Ol ýaşa bagly bolman, diňe adamyň saglyk 
ýagdaýyna ýa-da zähmet işi bilen meşgullanmak mümkinçiliginiň 
çäkliligine bagly bolup durýar.
Pensiýalardan başga-da, ilatyň mätäçlik çekýän dürli toparlary­
na döwlet býujetinden we ýerli býujetlerden kömek pullary berilýär 
hem-de dürli tölegler amala aşyrylýar. Kömek pullary we tölegleri 
mydamalyk, uzak wagtlyk we wagtlaýyn häsiýetde bolup biler. Bir 
wagtlaýyn durmuş kömeginiň berilmegi-de mümkin. Kömek pullary, 
köplenç, çagalara, syrkawlara, maýyplara tölenýär.
Durmuş kömegi adamlara, maşgalalara ýaşaýyş jaýyny gurmak, 
ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak üçin ýeňillikli şertlerdäki karz­
lar görnüşinde-de berlip bilner. 
Okaýan ýaşlara pul kömegini bermegiň ýaýran görnüşi talyp hak-
larynyň tölenmegidir. Lukmançylyk kömeginiň berilmegi durmuş kö­
meginiň aýratyn bir görnüşi bolup durýar. Şonuň ýaly kömek belli bir 
derejede mugt berilýär. Emma, has ösen ýurtlarda-da saglygy goraýşyň 
ähli çykdajylary tutuşlygyna döwlet býujetiniň üstüne ýüklenmeýär, 
lukmançylyk hyzmatlarynyň we dermanlaryň bir bölegi tölegli bolýar. 
Bu ýerde saglyk ätiýaçlandyrmasynyň uly ähmiýeti bardyr. Şonuň ýaly 
öňdebaryjy tejribe Türkmenistanda hem ulanylyp gelinýär. 


163
Ätiýaçlandyryş lukmançylygy iş hakyndan geçirimleriň hem-de 
kärhanalaryň we guramalaryň geçirýän beýleki serişdeleriniň hasa­
byna ätiýaçlandyryş gaznasynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. 
Ätiýaçlandyryş gaznasynyň pul serişdeleri lukmançylyk edaralaryny 
maliýeleşdirmäge gönükdirilýär, şonlukda saglyk ätiýaçlandyrmasy 
boýunça şertnama baglaşan adam öz saglygyny bejertmekde belli bir 
ýeňilliklerden peýdalanýar.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   104   105   106   107   108   109   110   111   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling