B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§3. Adamyň we maşgalanyň sarp ediş býujeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet106/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   102   103   104   105   106   107   108   109   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§3. Adamyň we maşgalanyň sarp ediş býujeti
Maliýe býujeti barada gürrüň edilende, döwlet derejesindäki we 
ýerli býujetler hem-de kärhanalaryň we telekeçileriň býujetleri bilen 
bir hatarda, maşgala býujetlerini we şahsy býujetleri hem bölüp çy­
karmak mümkin. Sarp ediş we durmuşy islegler, ýaşaýş derejesi ba­
rada aýdylanda, adamyň we maşgalanyň sarp ediş býujetine dahylly 
meselelere garalyp geçilmegi zerur.
Sarp ediş býujeti diýip adamyň we maşgalanyň pul girdejileri­
niň we çykdajylarynyň deňeşdirilmegine aýdylýar, onuň esasynda 
hem girdejileriň we çykdajylaryň gabat gelşi barada seljerme beril-
ýär, deň agramlylygy üpjün etmek üçin olaryň ol ýa-da beýleki tarapa 
üýtgedilmeginiň zerurlygy ýüze çykarylýar. Býujet tablisasynda onuň 
girdeji we çykdajy taraplary aýry-aýrylykda görkezilýär. 
Hakyky sarp ediş býujeti maşgalalaryň aýlyk ýa-da ýyllyk gir­
dejileriniň we çykdajylarynyň emele gelşini görkezýär. Hakyky 
býujetler ilatyň aýry-aýry toparlarynyň isleglerini, girdejilerini we 
çykdajylaryny seljerip görmek esasynda düzülýär.
Rejeli sarp ediş býujeti nazary taýdan esaslandyrylan kadaly 
býujet bolup, onuň çykdajy bölegi belli bir maksadalaýyk toplumda 
berlen maddy we ruhy gymmatlyklaryň rejeli kadalaryndan ugur al­
nyp emele getirilýär. Rejeli sarp ediş býujeti durmuş-ykdysady seljer­
mäniň guraly we gönükdirilmeli maksat bolup hyzmat edýär. 
Ýaşaýş derejesiniň kepillikli iň aşak derejesini kesgitlemek üçin, 
iň az sarp ediş býujeti ýa-da sarp ediş býujetiniň oňşuk möçberi diýen 
düşünje giňden ulanylýar. Şonuň ýaly býujetde çykdajy bölegi ada­
ma, ilkinji nobatda, hökman gerek bolan sarp ediş harytlarynyň we 
hyzmatlarynyň toplumy esasynda düzülýär. Hakyky nyrhlary hasaba 
almak bilen, şol çykdajylary ýapmak üçin talap edilýän girdejileriň 
pul hasabyndaky möçberi kesgitlenýär. Şondan ugur alyp, sarp edişiň 


160
oňşuk möçberi bellenýär, onuň hasaplamasy “sarp ediş sebedi” diýil-
ýäniniň esasynda geçirilýär. 
Sarp ediş býujetiniň düzülmegi diňe bir döwlet derejesindäki 
durmuş häsiýetli çäreleri işläp düzmekde däl, eýsem maşgala dere­
jesinde-de möhümdir. Maşgala býujetini dogry meýilnamalaşdyrmak 
arkaly artykmaç, az netijeli çykdajylardan gaça durmak, gündelik we 
uzak wagtlyk ulanylýan harytlary satyn almak üçin çykdajylaryň my­
nasybetini dogry kesgitlemek mümkindir.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   102   103   104   105   106   107   108   109   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling