B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


 Ýyllyk deňagramlaşdyrylýan býujet


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet103/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   99   100   101   102   103   104   105   106   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

1. Ýyllyk deňagramlaşdyrylýan býujet, ýagny şonda girdejileriň 
we çykdajylaryň arasynda tapawut emele gelmeýär. 
2. Döwürleýin esasda deňagramlaşdyrylýan býujet. Bu çeme­
leşmäniň esasy aýratynlygy ony ýylda deňagramlaşdyryp durmagyň 
zerur däldiginden ybaratdyr. Esasy zat onuň ykdysady sikliň barşyn­
da (mysal üçin, 5–7 ýylyň dowamynda) döwürleýin deňagramlaşdy­
rylmagydyr. 
3. Býujetiň deňagramlaşdyrylmagyna wezipeleýin çemeleşme 
(wezipeleýin maliýe). Bu çemeleşmäniň tarapdarlary makroykdysady 
syýasatyň baş maksadynyň nämeden, ýagny býujeti deňagramlaşdyr­
makdan ýa-da ykdysadyýeti deňagramlaşdyrmakdan ybaratdygy ba­
radaky sowaly öňe sürýärler.
Şonuň üçin dünýäniň köp ýurtlarynda salgyt-býujet syýasatynyň 
düzgünleriniň işlenip düzülýändigi tötänden däldir. Salgyt-býujet sy­
ýasatynyň esasy kysymlaryna şulary degişli etmek mümkindir: 
Deňagramlaşdyrylan býujet ýa-da düzgünleşdirýän defisit. Oňa 
aşakdaky aýratynlyklar mahsusdyr:
• umumy girdejiler bilen çykdajylaryň arasynda deňagramlyly­
gyň üpjün edilmegi ýa-da býujet defisitiniň jemi içerki önümiň möç­
berine görä belli bir derejede çäklendirilmegi;
• düzümleýin (sikliň döwürlerine baglylykda sazlaşdyrylan) gir­
dejiler bilen çykdajylaryň arasynda deňagramlylygyň üpjün edilmegi 
ýa-da býujetiň düzümleýin defisitiniň jemi içerki önümiň möçberine 
görä belli bir derejede çäklendirilmegi;
• girdejileriň we çykdajylaryň häzirki geçirilýän amallaryň hasaby 
boýunça deňagramlaşdyrylmagy. Şonda döwlet karzlary (zaýomlary) 
diňe maýanyň çykyp gitmegini maliýeleşdirmek üçin rugsat edilýär.
Döwlet karzlaryny (zaýomlaryny) amala aşyrmagyň düzgünleri:
• döwlet karzlarynyň içerki çeşmelerden amala aşyrylmagynyň 
gadagan edilmegi;
• döwlet karzlarynyň Merkezi bankda amala aşyrylmagynyň ga­
dagan edilmegi ýa-da şeýle zaýomlaryň döwletiň geçen döwürlerdäki 


155
girdejileriniň (ýa-da çykdajylarynyň) belli bir bölegine deň möçberde 
çäklendirilmegi.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   99   100   101   102   103   104   105   106   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling