148
ösüşini çäklendirýär. Ol belli bir wagtyň dowamynda karz amallary
nyň üstünden geçýän pullaryň ýokarlanmagynyň täjirçilik banklary
üçin göterim kadalaryny belleýär.
2. Hasaba alyş-diskont we lombard syýasatlary. Olar ulanylan
mahalynda Merkezi bank ýurduň beýleki banklarynyň esasy karzlaş
dyryjysy bolup çykyş edýär. Ol banklardaky aýlanyşykda duran wek
seller gaýtadan hasaba alnan mahalynda karzlary berýär, munuň özi
diskont syýasaty bolýar; banklaryň gymmatly kagyzlarynyň girewine
alnyp karz berilmegi bolsa lombard syýasatydyr.
Karzlar boýunça Merkezi bank tarapyndan kesgitlenýän göterim
derejesine resmi hasaba alyş-diskont ýa-da lombard göterim derejesi
diýilýär. Hasaba alyş derejesini üýtgetmek arkaly Merkezi bank jemi
hyrydarlyga we jemi hödürlemä täsir edýär.
3. Açyk bazardaky amallar – ätiýaçlyklary döwletiň karz ulga
myna goşmak ýa-da ol ýerden yzyna almak maksady bilen ýurduň
Merkezi banky tarapyndan gymmatly gaznaçylyk kagyzlarynyň açyk
bazarda satyn alynmagy ýa-da satylmagydyr.
Do'stlaringiz bilan baham: