B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet96/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   92   93   94   95   96   97   98   99   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Birinjiden, karz jemgyýetçilik önümçiliginiň çygryny ýurtdaky 
bar bolan nagt pullaryň mukdary bilen kesgitlenýän çäkden has gi­
ňeldýär;
Ikinjiden, karz gaýtadan paýlaýyş wezipesini ýerine ýetirýär. Şol 
mynasybetli hususy süýşürintgiler, kärhanalaryň erkin pul serişdeleri, 
döwletiň girdejileri karz (ssuda) maýasyna öwrülýär we ykdysadyýe­
tiň düşewüntli ýaýrawlaryny maliýeleşdirmäge gönükdirilýär.
Üçünjiden, karz aýlanyşyk çykdajylarynyň tygşytlanmagy­
na ýardam edýär. Onuň ösüşiniň barşynda bank hasaplaryndan we 
goýumlaryndan peýdalanmagyň dürli serişdeleri ýüze çykýar, nagt 
däl pul dolanyşygy öňürdip ösýär, pul akymlarynyň aýlanyş tizligi 
ýokarlanýar. 
Dördünjiden, karz maýanyň bir ýere jemlenmegini we mer­
kezleşmegini çaltlandyryş wezipesini ýerine ýetirýär. Ol bäsdeşlik 
göreşinde işjeň peýdalanylýar, kärhanalaryň biri-birlerine goşulyş­
mak hadysasyna itergi berýär.
Bazar hojalygynda karzyň görnüşleri dürli-dürlüdir. 
Täjirçilik karzy – kärhanalar, birleşikler we beýleki hojalyk sub-
ýektleri tarapyndan biri-birlerine haryt görnüşinde gaýra süýşürmek 
arkaly berilýär. 
Bank karzy – maliýe – karz edaralary (banklar, gaznalar, asso­
siasiýalar) tarapyndan islendik hojalyk subýektlerine pul serişdeleri 
berilýär. 
Sarp ediş karzy – fiziki şahslara belli bir möhlet bilen uzak 
wagtlap ulanylýan sarp ediş harytlaryny satyn almak üçin pul seriş­
deleri berilýär.


144
Ipoteka karzy – gozgalmaýan emlägi girewe goýmak arkaly uzak 
möhletli ulanmaga pul serişdeleri berilýär.
Döwlet karzy – döwlet pul serişdeleriniň karz berijisi bolup, ilat 
ýa-da hususy telekeçiler bolsa karz alyjy bolup çykyş edýän mahalyn­
daky karz gatnaşyklarynyň ulgamy.
Halkara karzy – pul serişdeleri dürli ýurtlaryň halkara maliýe-
pul gatnaşyklary ýaýrawyndaky hereketini gurşap alýar. Şonda karz 
berijiler we karz alyjylar bolup, banklar, hususy kärhanalar, döwlet, 
halkara guramalary we ş.m. çykyş edýär.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   92   93   94   95   96   97   98   99   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling