B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


ХIII. TÜRKMENISTANYŇ PUL-KARZ ULGAMY


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet95/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   91   92   93   94   95   96   97   98   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

ХIII.
TÜRKMENISTANYŇ PUL-KARZ ULGAMY
WE oNUŇ WEZIPELERI
§1. Pul-karz ulgamy we onuň wezipeleri
Önümçiligiň we telekeçiligiň ösmegine pul-karz ulgamy uly täsir 
edýär. Ol ýurtda pul aýlanyşygyny guramagyň görnüşi bolup çykyş 
edýär. Pul ulgamynyň iň möhüm düzüm böleklerine aşakdakylar de­
gişlidir: 
1) milli pul birligi – onda harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlary 
aňladylýar. Türkmenistanda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan mili 
pul birligi hökmünde manat aýlanyşyga girizildi. 2009-njy ýylyň 
1-nji ýanwaryndan bolsa manadyň denominasiýasy, ýagny onuň no­
minal hümmetiniň üýtgedilmegi geçirildi. Şonuň netijesinde milli pul 
birliginiň bellenilen (narisatel) hümmeti güýçlendi, töleg dolanyşygy 
ýeňilleşdi; 
2) kanunçylyga laýyklykda nagt dolanyşykda töleg serişdesi bo­
lup hyzmat edýän kagyz pullaryň we şaýy pullaryň ulgamy;
3) pul emissiýasynyň ulgamy, ýagny puly aýlanyşyga goýberme­
giň kanunçylyk bilen berkidilen tertibi
4) pul aýlanyşygyna dahylly meseleleri alyp barýan döwlet edaralary.
Pul aýlanyşygy ulgamynyň iki sany esasy kysymy bar:
• metal pullaryň aýlanyşyk ulgamy;
• karz pullaryň we kagyz pullaryň aýlanyş ulgamy.
Bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerde karzlaşdyrmak uly 
ähmiýete eýe bolýar, sebäbi edara-kärhanalar, guramalar, firmalar, te­
lekeçiler we şahsy taraplar dürli amallary ýerine ýetirmek üçin bank-
lar bilen aragatnaşykda bolýar. Türkmenistanyň kada-kanunlaryna 
laýyklykda, banklar wagtlaýyn ulanylmaýan (boş) pul serişdelerini 
belli maksatlara niýetlenen, anyk möhlete, karzy yzyna göterim bilen 
gaýtarmak we üpjünçilik şerti bilen mätäç bolan müşderilere ulan­
maga berýärler. Ykdysady edebiýatda şol pul serişdelerine karz (ssu­
da) diýilýär.
“Karz” diýen söz latin sözünden terjime edilende, “ynanç” diýen 
manyny aňladýar. Şol sebäpli bankyň esasy ýerine ýetirýän wezipesi 


143
karz (ssuda), ýagny wagtlaýyn boş pul serişdelerini jemlemek we ony 
isleg bildirýän ynamly, abraýly ýuridik we fiziki taraplara karz ýörel­
geleri esasynda peýda alynýar.
Häzirki zaman bazar ykdysadyýetinde “karz” düzünjesi puluň 
telekeçilere yzyna gaýtaryp bermek, peýdalanylandygy üçin karz aly­
jynyň karz berijä göterim tölemek şerti bilen belli bir möhletli here­
ketine düşünilýär.
Bazar ykdysadyýetinde karz möhüm wezipeleriň birnäçesini
ýerine ýetirýär.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   91   92   93   94   95   96   97   98   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling