B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet29/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

soraglar
:
1. Hyrydarlyk we hödürleme näme?
2. Hyrydarlyk we hödürleme kanunynyň mazmu-
ny nämeden ybarat?
3. Hyrydarlyk we hödürlemä haýsy şertler täsir 
edýär?
4. Hyrydarlyk, hödürleme we bazar nyrhlaryň ara-
synda nähili arabaglanyşyk bar?
?


64
II
 
bölüm
MILLI YKDYSADYÝET WE ONUŇ ÖSÜŞI
V. Ykdysadyýet dünýäsinde adamyň orny
§ 22. 
Häzirki zaman ykdysadyýetinde 
adamyň orny
Häzirki zaman bazar ykdysadyýetinde adam köp dürli 
ykdysady wezipeleri ýerine ýetirýär. Adam öndüriji güýçleriň 
janly göterijisi hökmünde mahsus sypatlaryň ençemesine, 
köp dürli isleglere we ukyplara eýedir. Gatnaşyklaryň işjeň 
dörediji subýekti bolmak bilen, häzirki zaman ykdysadyýe­
tinde adam köp wezipeleri ýerine ýetirýär.
Adamyň öndüriji güýçleriň düzüminde iki sany tarapy, 
ýagny işçi güýjüni ýa-da zähmet çekmek ukybyny hem-de 
sarp edijilik güýjüni ýa-da sarp etmäge ukybyny tapawut­
landyrmak zerur. Zähmet işçi güýjüniň wezipesi, sarp ediş 
hem sarp edijilik güýjüniň wezipesi bolup durýar.
Adamda zähmete ukyplylygy-da, sarp etmäge ukyply­
lygy-da kemala getirmek bilen meşgullanmak zerurdyr. 
Hä zirki zaman ykdysadyýetiniň ulgamynda adamyň ornu­
na häsiýetnama berlende düşünjeleriň birgideni ulanylýar: 
ykdysady adam, işçi güýji, önümçiligiň adam faktory, zäh­
met resurslary, adam resurslary, ynsan maýasy, telekeçi.
Ykdysady adam – bazar ykdysadyýetiniň erkin seçip 
almaga hem-de bar bolan ähli şertlerden, mümkinçilikler­
den we maglumatlardan öz bähbitlerine we maksatlaryna 
laýyk lykda ugur alyp, netijeli çözgütleri kabul etmäge ukyp-
ly baş döredijilik subýektidir.
Işçi güýji – adamyň janly şahsyýeti bilen aýrylmaz bag-
lanyşykly iňňän möhüm sypatlandyryjy häsiýeti bolmak 


65
MILLI YKDYSADYÝET WE ONUŇ ÖSÜŞI
bilen, zähmet çekmäge bolan indiwidual ukybydyr. Zäh-
mete bolan bu ukyp heniz herekete getirilmedik öndüri jilik 
ukybydyr. Ol anyk kärhanadaky peýdalanylýan işçi güý-
jüniň köplügine goşulyp, anyk önümçilik serişdeleri bilen 
birikdirilende, hakyky öndüriji güýje öwrülýär.
Önümçiligiň adam faktory – bilelikdäki zähmetiň ön­
düriji güýji, indiwidual işçi güýçleriniň bileleşmesidir, ýag-
ny belli bir jemgyýetçilik görnüşindäki utgaşdyrylan işçi 
güýjüniň jemidir. Adam faktorynyň düzümi önümçiligiň 
bir ýere jemlenmeginiň we ýöriteleşmeginiň, zähmet bö-
lünişiginiň derejeleri bilen kesgitlenýär.
Zähmet resurslary – ýurtdaky ilatyň ykdysadyýetde işle-
mek üçin zerur bolan fiziki we akyl ukyplary, belli bir dere­
jedäki bilimi we hünäri bar bolan zähmete ukyply ýaşdaky 
bölegi. Zähmet resurslarynyň sany harytlary we hyzmatlary 
öndürmek üçin şol pursatda jemgyýetiň garamagynda bar 
bolan häzirki zähmetiň mümkinçilik möçberini häsiýetlen­
dirýär.
Adam resurslary – bu bazar ykdysadyýetinde önümçili-
giň iňňän möhüm şerti bolup durýan zähmet serişdeleridir. 
Bazarda adamlar tarapyndan hödürlenýän zähmet hyzmat­
lary resurslaryň beýleki görnüşleri bilen bilelikde önümçilik 
şertleriniň bäsdeşlikli bazarynda peýdalanylýar.
Adam maýasy – maýa goýumlarynyň we adam tara­
pyndan toplanan hem-de jemgyýetçilik üznüksiz önümçi li-
giniň ol ýa-da başga bir ýaýrawynda maksadalaýyk peýdala­
nylýan, zähmet öndürijiliginiň we önümçiligiň netijeliliginiň 
ýokarlanmagyna ýardam edýän, şonlukda hem adamyň 
ga zanjynyň artmagyna getirýän saglygyň, bilimleriň, en-
dikleriň, ukyplaryň, zähmete höwesi delillendiriş şertleriň 
netijesinde emele getirilen belli bir gorudyr.
Telekeçi – bazar ykdysadyýetiniň täze harytlary döret­
mek we peýda gazanmak maksady bilen serişdeleriň we 
önümçilik şertleriniň täze utgaşmalaryny amala aşyrmak 
5. Sargyt № 2215


66
II bölüm
üçin ähli zerur sypatlara eýe bolan, töwekgelçilik şertlerinde 
işleýän hem-de özbaşdak çözgütleriň kabul edilmegine 
jogap kärçiligi boýnuna alan işjeň subýekti.

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling