B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


§ 21.  Hyrydarlyk, hödürleme we


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet28/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

§ 21. 
Hyrydarlyk, hödürleme we 
bazar nyrhlary
Hyrydarlyk nyrhlaryň mümkin bolan dürli derejeleri 
bilen sarp edijiler tarapyndan degişli nyrhlar boýunça sa-
tyn alyn ýan önümleriň möçberiniň arasyndaky baglanyşygy 
gör kezýär.
Nyrhlar bilen hyrydarlyk bildirilýän önümiň muk da-
rynyň arasyndaky baglanyşyk ters, ýagny oňyn däl bagla-
nyşykdyr. Düzgün bolşy ýaly, sarp edijiler nyrhlar ýokary 
bolanda pes nyrhlar mahalyndakydan az satyn alýarlar. Bu 
baglanyşyga hyrydarlyk kanuny diýilýär.
Hödürleme mümkin bolan nyrhlar bilen öndürijiler ta-
rapyndan dürli nyrhlar boýunça bazarda teklip ediljek önü-
miň mukdarynyň arasyndaky baglanyşygy beýan edýär. Bu 
baglanyşyk gönüdir, ýagny oňyn häsiýetlidir.
Hödürleme kanuny öndürijileriň haýsydyr bir harydyň 
nyrhy pes bolandaka görä has ýokary bolan derejesi ma­
halynda ony öndürmäge serişdeleriň köp mukdaryny gönük­
dirmegi amatly hasap edýändiklerini aňladýar.
Hyrydarlyk we hödürleme deňagramlylyk nyrhyny ýa-
da bazar nyrhyny hem-de satylýan önümiň deňagramly 
mukdaryny kesgitleýärler.
Deňagramlylyk nyrhyndan pes nyrhlara ugurdaş ýüze 
çykýan aşa hyrydarlyk ýa-da gytçylyk satyjylara has ýokary 
nyrhyň teklip edilmelidigini habar berýär.


63
YKDYSADYÝETIŇ UMUMY ESASLARY
Ösýän nyrh, birinjiden, serişdeleri şol harydy öndürme-
giň peýdasyna gaýtadan paýlamaga, ikinjiden, öndürijileri 
käbir sarp edijileri bazardan gysyp çykarmaga itekleýär.
Nyrhlar deňagramlylyk nyrhyndan ýokary bolandaky 
artyk hödürleme ýa-da önümiň agyşyk bolmagy satyjylary 
agyşyk haryt gorlaryndan dynmakdan ötri nyrhlary arzan­
latmaga itekleýär.
Pese gaçýan nyrhlar, birinjiden, şol önümi öndürmäge 
harçlanýan serişdeleriň kemeldilmeginiň zerurdygyny tele­
keçilere habar berýär, ikinjiden bolsa, bazara goşmaça satyn 
alyjylary çekýär.
Hyrydarlygy we hödürlemäni kesgitleýän şertleriň üýt-
gemegi hyrydarlygyň we hödürlemäniň mynasybetindä ki 
üýtgeşmelere getirip biler. Hyrydarlykdaky üýtgeş meler 
bilen deňagramlylyk nyrhyndaky we satylýan önümiň deň-
agramly mukdaryndaky şondan gelip çykýan üýtgeş mele riň 
arasyndaky baglanyşyk gönüdir.
Hödürlemäniň üýtgeýşi bilen nyrhyň şondan soňraky 
üýtgeýşiniň arasynda ters baglanyşyk bar. Şol bir wagtyň 
özünde hödürlemäniň üýtgeýşi bilen satylýan önümiň muk­
daryndaky şondan soňraky üýtgeýşiň arasyndaky bag lany-
şyk göni häsiýetlidir.

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling