B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet27/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Hyrydarlygyň üýtgemegi. Hödürleme üýtgemän gal ýar 
diýip kabul etmek bilen hyrydarlygyň üýtgeýşini seljerýäris.
Hyrydarlygyň artmagy, gaýry şertler, ozaly bilen hem 
hödürleme deň bolanda nyrhyň ýokarlanmak we önümleriň 
mukdarynyň artmak täsirini döredýär.
Hyrydarlygyň azalmagy nyrhlaryň arzanlamak täsiri­
ni-de, harydyň mukdarynyň kemelmek täsirini-de ýüze çy­
karýar. Nyrh pese düşýär, harydyň mukdary-da azalýar.
Netijede hyrydarlygyň üýtgemegi bilen deňagramly nyr-
hyň we harydyň mukdarynyň şol ýerden gelip çykýan üýt-
gemeleriniň arasynda göni baglanyşygy tapýarys.
Hyrydarlygyň şertleri. Bazar hyrydarlygynyň nyrha 
dahylsyz şertlerine şular degişli: 
1. Sarp edijileriň isleg bildirişleri ýa-da ileri tutmalary
2. Bazardaky sarp edijileriň sany; 
3. Sarp edijileriň pul girdejileri
4. Ugurdaş önümleriň nyrhlary; 
5. Geljek döwürdäki nyrhlar we girdejiler babatynda 
sarp edijileriň garaşýan ýagdaýlary.
Hödürlemäniň üýtgemegi. Hyrydarlyk üýtgemän 
gal ýar diýip kabul etmek bilen hödürlemäniň üýtgemeginiň 
nyrha täsirini seljereliň.
Şol şertde hödürlemäniň azalmagy önümiň nyrhynyň 
ýokarlanmagyna getirýär. Nyrh ýokarlanýar, önümiň muk­
dary bolsa kemelýär.
Hödürlemäniň köpelmegi nyrhyň aşaklamak we önümiň 
mukdarynyň artmak täsirini döredýär.
Hödürlemäniň üýtgeýşi bilen deňagramly nyrhyň üýt-
geý şiniň arasynda ters baglanyşyk bar, emma hödürlemäniň 
üýtgeýşi bilen önümiň mukdarynyň üýtgeýşiniň arasyndaky 
baglanyşyk göni häsiýetde bolmagynda galýar.
Hödürlemäniň şertleri. Hödürlemäniň nyrha dahyl­
syz şertlerine şular degişli: 
1. Serişdeleriň nyrhlary; 


62
I bölüm
2. Önümçiligiň tehnologiýasy; 
3. Salgytlar we dotasiýalar; 
4. Başga harytlaryň nyrhlary; 
5. Nyrhlaryň üýtgemegi babatyndaky garaşylýan ýag­
daýlar; 
6. Bazardaky satyjylaryň sany.

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling