B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary
Download 0.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
7. Söwda
8. Işiň beýleki görnüşleri Maddy nygmatlar döredilmeýän ähli pudaklar önümçi lik däl ýaýrawy emele getirýärler. Olara aşakdakylar degişli: 9. Bilim 10. Ylym we ylmy hyzmatlar 11. Saglygy goraýyş 12. Sport we syýahatçylyk 13. Medeniýet we sungat 79 MILLI YKDYSADYÝET WE ONUŇ ÖSÜŞI 14. Sarp ediş bazary we tölegli hyzmatlar 15. Ýaşaýyş jaý gurluşygy we jemagat hojalygy 16. Ýolagçy gatnadýan ulaglar 17. Aragatnaşyk (önümçilik däl ýaýrawa we ilata hyz mat etmek boýunça) 18. Karzlaşdyryş we ätiýaçlandyryş 19. Dolandyryş 20. Işiň gaýry görnüşleri. Ykdysadyýetiň pudaklarynyň şunuň ýaly toparlanyşy oňaýly deňölçeglilikleri, görkezijiler ulgamyny kesgitlemek hem-de jemgyýetçilik önümçiligine pudaklar boýunça baha bermek üçin zerur. Pudaklaryň şeýle toparlanmagy Türkmenistanyň ykdy- sa dyýetiniň ösüşine esas bolup hyzmat etdi. Şol mynasybetli ýurdumyz milli hojalygyň maddy-önümçilik binýadyny tut makda uly üstünlikler gazandy. Häzir onuň ykdysady we ylmy-tehniki mümkinçilikleri täze giň möçberli wezipeleri çözmäge esas berýär. Türkmenistan milli ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy ugur laryny we olary durmuşa geçirmegiň ýollaryny kesgitle di. Olar milli hojalygy durnukly we ilerleýjilikli ösdürmegiň, ylmy-tehniki ilerlemäniň we ykdysadyýeti önjeýli ösüş ýolu- na çykarmagyň, ýurduň önümçilik mümkinçiliklerini has re je li peýdalanmagyň, serişdeleriň ähli görnüşlerini hemme çä reler arkaly tygşytlamagyň we işiň hilini gowulandyrma- gyň esasynda ilatyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk hem ýo karlandyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllary içinde uly öz- ge rişler bolup geçdi. Ýurduň ösüşiniň her bir tapgyry dur- muş-ykdysady ösüşiň aýratynlyklary, milli hojalygyň islegleri we mümkinçilikleri bilen şertlendirilen anyk wezipeleri öňe sürýär. Bu wezipeleriň çözülmegi diňe bir maddy önümçiligi däl, eýsem önümçilik däl ýaýrawy-da gurşap alýar. Şeýlelik bilen, milli hojalygyň dürli pudaklarynyň üs tünlikli ösmegi ýurduň maddy-önümçilik binýadyny ylmyň 80 II bölüm gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak we innowasion işi çaltlandyrmak, zähmet öndürijiliginiň, önümçiligiň neti jeli- liginiň ýokarlandyrylmagy arkaly pugtalandyrmakda mö- hüm ähmiýete eýedir. Download 0.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling