B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


§ 26.  Ykdysadyýetiň pudaklaýyn


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet34/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

§ 26. 
Ykdysadyýetiň pudaklaýyn 
düzümi
Ykdysadyýetiň düzümi köpugurly düşünje bolup, oňa 
hojalyk ulgamynyň dürli düzüm bölekleriniň mynasybeti­
ni görkezýän dürli nukdaýnazarlardan garamak mümkin. 
Adatça durmuş, pudaklaýyn, üznüksiz önümçilik we sebit­
leýin düzümler bölünip çykarylýar.
Ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümi giň manyda jemgy-
ýetçilik zähmet bölünişiginiň ulgamynda aýratyn önümçi­
lik şertleri bilen häsiýetlenýän hem-de giňeldilen üznüksiz 
önümçilik mahalynda özboluşly wezipäni ýerine ýetirýän 
hojalyk birlikleriniň hil taýdan birmeňzeş toparlarynyň 
köp lügi bolup durýar.
Milli hojalyk pudaklaryň köp sanlysyndan ybarat çyl-
şyrymly ykdysady ulgamdyr. Şol pudaklar jemgyýetçilik 
zähmet bölünişiginiň täsiri astynda kesgitlenip, olara öndü­
rilýän önümleriň, peýdalanylýan çig malyň, tehnologik işiň 
we öndüriji güýçleriň düzüminiň özboluşlylygy mahsusdyr.


78
II bölüm
Jemgyýetçilik önüminiň emele gelşini, milli girdejiniň 
döredilişini we jemgyýetçilik zähmet bölünişiginiň häsiýeti­
ni nazara almak bilen, milli hojalyk iki sany ýaýrawa, ýagny 
maddy önümçilige we önümçilik däl ýaýrawa bölünýär. 
Maddy önümçilik ýaýrawyna maddy nygmatlar döredilýän, 
hususan, şu pudaklar degişlidir:
1. Senagat
şondan :
Elektrik energetikasy
Ýangyç senagaty
olardan:
nebit çykarýan senagat
nebiti gaýtadan işleýji senagat
gaz senagaty
Maşyn gurluşygy we metal işläp bejeriş
Himiýa senagaty
Gurluşyk materiallary senagaty
Ýeňil senagat
Azyk senagaty
2. Oba hojalygy
3. Ýük daşaýan ulaglar
4. Aragatnaşyk (önümçilik pudaklaryna hyzmat etmek 
boýunça)
5. Gurluşyk
6. Geologiýa

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling