B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


§ 30.  Makroykdysady görkezijiler


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet42/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

§ 30. 
Makroykdysady görkezijiler
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly 
Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallalary netijesinde 
ýur dumyzyň milli ykdysadyýetiniň hemme pudaklary uly 
depgin bilen ynamly ösýär. Gazanylýan ynamly ösüşleriň 
sarsmaz binýadynda üstünlikli amala aşyrylýan ykdysady 
syýasat durýar. Bu syýasatyň ýakyn geljek döwre bellenen 
möhüm wezipeleriniň hatarynda ýurdumyzy önümleriň ýo­
kary hili bilen tapawutlanýan, ykdysadyýeti depginli ös-
ýän we ynamly belent sepgitler bilen häsiýetlendirilýän 
döwletleriň hataryna goşmak, milli haryt öndürijilerimiziň 


97
MILLI YKDYSADYÝET WE ONUŇ ÖSÜŞI
sarp ediş bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokar­
landyrmak, ykdysady ulgamy düýpli döwrebaplaşdyrmak 
hem-de maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmek, ösüşiň 
çig mal görnüşinden senagat-innowasiýa ugruna tapgyr­
laýyn geçmekligi üpjün etmek, Türkmenistanyň bütindün-
ýä ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has çuň we ynamly 
aralaşmagyny gazanmak bilen bagly meseleler goýlandyr.
Döwlet derejesinde bellenilen we rowaçlyk bilen ama­
la aşyrylýan bu syýasatyň netijesinde soňky 5 ýylyň için­
de ýurdumyzda öndürilýän jemi içerki önümiň göwrümi iki 
esse artdy. Şol döwürde onuň durnukly ýyllyk ösüşiniň gör­
kezijisi 110% derejesinde ýokary boldy. Hatda bütindünýä 
maliýe-ykdysady çökgünlik möwç alan 2009-njy ýylda-da bu 
görkeziji 106,1% derejesinde saklandy.
Ykdysady seljermede örän giň iki görkeziji ulanylýar : jemi 
önüm we milli girdeji. Jemi önüm iki görnüşde bol ýar: jemi 
içerki önüm we jemi milli önüm. Olaryň ikisi hem hojalygyň 
iki sferasynyň, ýagny maddy önümçiligiň we hyz matlaryň 
(maddy däl) iş netijesidir. Olaryň ikisi hem ykdysadyýetde bir 
ýylyň (çärýek, aý) dowamynda harytlaryň we hyzmatlaryň 
ahyrky önümçiliginiň göwrüminiň gymmat gör nüşinde kes­
gitlenilmegidir. Bu görkezijilere, häzirki (hereket edýän) ba­
halarda hasaplanylsa – nominal JMÖ, eger üýt gemeýän ba­
halarda (ýagny haýsy-da bolsa bir (esasy) ýyl da deňeşdirme 
nyrhlarda) hasaplanylsa – real JMÖ diýilýär.
Umumy milli önümiň we umumy içerki önümiň ta­
pawudy şeýledir:

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling