B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet44/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   40   41   42   43   44   45   46   47   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

soraglar
:
1. Ykdysady ösüş näme?
2. Ykdysady ösüşiň nähili şertleri bar?
3. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 
mil li ykdysadyýetiň ösüşini gazanmak üçin haý-
sy şertler gerek?
4. Türkmenistanda telekeçiligiň ösüşiniň nähili 
aý ratynlygy bar?
5. Milli hojalygyň ösüşi haýsy makroykdysady gör­
kezijiler bilen kesgitlenýär?
VIII. Türkmenistanyň daşary ykdysady 
aragatnaşyklary
§ 31. 
Daşary ykdysady aragatnaşyklaryň 
geografiki ugurlary
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan daşary döwlet­
ler bilen halkara ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça uly üs­
tünlikleri gazanmagy başardy. Berkarar döwletimiziň 
?


101
MILLI YKDYSADYÝET WE ONUŇ ÖSÜŞI
bag tyýarlyk döwründe Türkmenistanyň daşary ykdysady 
gat naşyklary ösüşiň täze tapgyryna geçdi. Munuň özi şol 
gat naşyklaryň dürli görnüşlerde, giň gerimde we ýokary 
dep ginde ösdürilmegi bilen häsiýetlendirilýär.
Daşary ykdysady ulgamda amala aşyrylýan özgertme-
ler, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň zähmetiň halkara bö-
lü nişiginiň ulgamyna has netijeli goşulyşmagyna hem-de 
daşary ýurtlar bilen esaslandyrylan söwda-ykdysady gat-
naşyklarynyň ýola goýulmagyna gönükdirildi.
Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine goşu-
lyşmagyny çuňlaşdyrmak üçin esas bolup hyzmat edýän 
durnukly we özara peýdaly söwda gatnaşyklary ýurdumyzyň 
ykdysadyýetiniň yzygiderli ýagdaýda ösdürmegiň esasy şer-
ti bolup durýar.
Türkmenistan Ýewropany Merkezi Aziýa, Hytaý, Ýapo­
niýa bilen birleşdirmek nukdaýnazaryndan garanyňda, ge­
ografiki taýdan amatly ýerde ýerleşýän az sanly döwletleriň 
biri diýlip hasaplanýar. Şoňa görä-de, garaşsyzlyk ýyllary-
nda üstaşyr geçmek üçin amatly ýer we önümler ýerlenýän 
täze bazar hökmünde garalanda, Günbatar ýurtlarynyň, 
Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Merkezi Aziýadaky ýurtlar babatda 
bildirýän gyzyklanmasy has-da artdy.
Haryt dolanyşygynyň geografiki düzüminde GDA ýurt­
lary – Russiýa, Ukraina, Gazagystan, Özbegistan, Azerbaý-
jan; soňra Ýewropadaky ýurtlar – Türkiýe, Italiýa, Ger-
maniýa; soňra Demirgazyk we Günorta Amerikadaky 
ýurt lar – ABŞ; we Merkezi Aziýadaky ýurtlar – Eýran, 
Owga nystan, Pakistan esasy hyzmatdaşlar bolup durýar. 
Netijede, Türkmenistanyň daşary ykdysady işinde iki sany 
iri topar – GDA ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklar hem-de 
dünýädäki beýleki daşary döwletler bilen özara ykdysady 
gatnaşyklar emele geldi. Bu iri toparlar bilen eksportyň we 
importyň geografiki ugry 3-nji tablisada görkezildi.


102
II bölüm
Görkezilen maglumatlar seljerilende, GDA ýurtla ry bi­
len daşary söwda dolanyşygynyň geografiki taýdan gönük-
dirilişinde ýagdaýyň pese düşýändigi we dünýäniň beýleki 
ýurtlary bilen bagly ýagdaýyň bolsa, munuň tersine, gowu­
lanýandygy görünýär. Şonda-da GDA ýurtlary, şeýle hem 
dünýäniň beýleki ýurtlary bilen bagly eksportyň ýagdaýy 
ozalky derejesinde saklanyp galýar.
Diýmek, GDA ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygy-
nyň pese düşmegi, esasan, importyň peselmeginiň hasabyna 
bolup geçýär. Dünýäniň beýleki ýurtlary bilen daşary söw­
da dolanyşygynyň artmagy bolsa, import boýunça müm-
kinçilikleriň artmagynyň, ýagny maşynlaryň, enjam laryň 
we mehanizmleriň, ulag serişdeleriniň, çig malyň we ma-
teriallaryň getirilýän möçberleriniň köpelmeginiň hasabyna 
bolup geçýär.
3-nji tablisa

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   40   41   42   43   44   45   46   47   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling