B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


§ 34.  Daşary ykdysady aragatnaşyklaryň


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet47/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

§ 34. 
Daşary ykdysady aragatnaşyklaryň 
ösüşi
Daşary ykdysady aragatnaşyklaryň mundan beýläk-de 
ös dürilmegi, halkara derejesinde zähmetiň rejeli bölünişigi, 
äh li ýurtlaryň ykdysady ösüşiniň derejesine we ýaşaýşyň gur-
luşyna garamazdan, olaryň ykdysady hajaty bolup durýar 
hem-de munuň özi jemgyýetçilik zähmetini tygşytlamagyň wa­
jyp serişdesi we öndüriji güýçleri ösdürmegiň möhüm şerti ha­
saplanýar diýen düşünjeden ugur almak arkaly ýola goýulýar.


109
MILLI YKDYSADYÝET WE ONUŇ ÖSÜŞI
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň daşary ykdysady 
top lu mynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi GDA ýurtlary, 
şeýle hem dünýä ulgamynyň beýleki döwletleri bilen daşary 
ykdysady aragatnaşyklary işjeňleşdirmegiň hasabyna, 
«açyk gapylar» syyasatynyň ýöredilmegine esaslanýar.
Dünýäniň ähli döwletleri bilen özara peýdaly hyz mat-
daşlyk Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuş-yk dy sady 
özgertmeler boýunça milli maksatnamalarynyň aý rylmaz bö-
legi bolup durýar. Integrasiýa bilen bagly ara gat naşyklar ýur-
duň ykdysadyýetiniň has ileri tutulýan ulgamlaryna da şary 
ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilendir.
Geljekde eksportda taýyn önümleriň paýyny artdyr magyň 
we import boýunça azyk önümleriniň paýyny azalt magyň ha­
sabyna, daşary söwdadaky harytlaryň düzümin de özgertmele ri 
amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Ýur dumyzyň azyk önüm­
leri bilen öz-özüni üpjün etmegi bo ýunça ýöredilýän syýasat bu 
özgertmeleriň üstünlikli ama la aşyrylmagyna ýardam berer.
2030-njy ýyla çenli daşary ykdysady aragatnaşyklary ös­
dürmek bilen bagly ýagdaý harytlary ýerlemegiň alternatiw 
(bäsleşikli) bazarlaryny ösdürmek, Türkmenistanyň halka ra 
bazarlaryna çykmagy we ýangyç-energetika serişdeleriniň 
eksportyny güýçli depginde artdyrmak arkaly kesgitlener.
Tebigy gazyň iberilmeginiň görnüşleriniň we ugur lary-
nyň artdyrylmagynyň netijesinde 2020-nji ýylda tebigy ga-
zyň iberilýän möçberleri 187,7 mlrd. kub metre, 2030-njy 
ýylda bolsa 229,8 mlrd. kub metre ýetiriler. Şol sanda te­
bigy gazyň eksporta iberilýän möçberi, degişlilikde, 4,4 we 
5,3 esse artar (6-njy tablisa). Munuň özi daşary söwdada 
oňyn tapawudyň durnukly ýagdaýda ösdürilmegini üpjün 
etmäge mümkinçilik berer.
Tebigy gaz bilen birlikde nebit, nebit önümleri, elektrik 
energiýasy, pagta süýümi, dokma we himiýa senagatynyň 
önümleri, gurluşyk materiallary ýurdumyzyň eksportynyň 
wajyp ähmiýetli maddalaryna öwrüler.


110
II bölüm
2020-nji ýylda we 2030-njy ýylda nebitiň, şol sanda 
gaz kondensatynyň öndürilýän möçberleri degişlilikde 23,4 
we 66,6 mln. tonna barabar bolar. Şunda 2000-nji ýyldaka 
garanyňda, 2020-nji ýylda ösüş depginleri 3,3 esse, 2030-njy 
ýylda bolsa – 9,3 esse artar.
2030-njy ýyla çenli döwürde nebit önümleriniň eks­
porta ugradylýan möçberi 8,3 esse ýokarlanar we şol bir 
wagtyň özünde önümleriň görnüşleri diwersifikasiýa ediler. 
Galyberse-de, import boýunça getirilýän nebit önümleriniň 
belli bölegi öz ýurdumyzda öndürilýän önümler – ekstraksi­
on benzin we ýaglar bilen çalşyrylar.
Geljekde 2020-nji ýylda we 2030-njy ýylda elektrik 
ener giýasynyň öndürilýän möçberlerini, degişlilikde, 27,4 
we 36,5 mlrd. kWt/sag. ýetirmek arkaly onuň ýanaşyk ýer-
leşýän döwletlere eksport edilýän möçberlerini artdyrmak 
göz öňünde tutulýar. Ösüş depginleri, 2000-nji ýyldaka ga­
randa, 2020-nji ýylda 2,8 esse, 2030-njy ýylda bolsa 3,7 esse 
artar.
6-njy tablisa

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling