B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


Türkmenistanda telekeçiligiň aýratynlygy


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet41/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Türkmenistanda telekeçiligiň aýratynlygy. Ber­
karar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan­
da telekeçiligi ösdürmek meselelerine uly ähmiýet berilýär. 
Telekeçiligi ösdürmegiň ygtybarly usullarynyň biri erkin 
ykdysady zolaklary döretmekdir. 1992-nji ýylyň dekabrynda 
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň çözgüdi boýunça erkin 
ykdysady zolaklaryň (EYZ) ýedisiniň döredilýändigi yglan 
edildi.
Bir ýyla golaý wagtdan soňra, 1993-nji ýylyň oktýab-
rynda «Erkin telekeçiligiň ykdysady zolaklary hakynda» 
Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Onda erkin ykdy­
sady zolaklary döretmegiň we olaryň hereket etmeginiň yk-
dysady-hukuk esaslary kesgitlenildi.
Bu erkin ykdysady zolaklarda telekeçilige we daşary 
ýurt maýasyny çekmeklige giň ýol açylýar. Olarda dürli 
görnüşdäki kärhanalary açmaga rugsat berilýär. Ol kär­
hanalar Türkmenistanyň Kanunlary tarapyndan gada­
gan edilmedik islendik dürli görnüşdäki hojalyk işleri bi­
len meşgul bolmaga haklydyr. Işiň tiz ýola düşüp gitmegi 
üçin kärhanalary açmakda, olaryň hojalyk işlerini amala 
aşyrmakda döwlet tarapyndan ýeňillikler göz öňüne tutul-
ýar. Bu zolaklarda daşary ýurt maýa goýumlara kärhana­
laryny gurmakda mümkinçilik döredilýär. Kärhanalar, tele­
keçiler su wy, togy, gazy ýeňillikli bahadan satyn alýarlar. Üç 
ýylyň dowamynda olar girdeji salgydyndan boşadylýarlar.


96
II bölüm
Türkmenistanda 10 sany erkin ykdysady zolak döredildi.
1. Aşgabat – Abadan;
2. Mary – Baýramaly;
3. Hazar – Ekerem;
4. Türkmenabat – Seýdi;
5. Baharly – Serdar;
6. Aşgabat – Änew;
7. Daşoguz – Aeroport;
8. «Güneşli Türkmenistan»;
9. Sarahs;
10. Aşgabat-Aeroport.
Erkin ykdysady zolaklardaky işleriň esasy ugurlary
sarp edilýän harytlary (dokma önümlerini); gurluşyk ma­
teriallaryny we durmuşda ulanylýan himiki önümleri işläp 
taýýarlamakdan; oba hojalyk önümlerini öndürmekden we 
gaýtadan işlemekden; gurluşyga degişli hyzmatlary ber­
jaý etmekden we söwdany amala aşyrmakdan ybaratdyr. 
Döwleti ykdysady taýdan ösdürmekde erkin ykdysady zo-
lak lar örän uly ähmiýete eýedir. Şunda ýerli ilatyň iş bilen 
üpjünçiliginiň derejesi ýokarlanýar we daş-töwerekdäki ýer-
leriň durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulanýar.

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling