B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary
§ 29. Ykdysady ösüş we onuň ugurlary
Download 0.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
§ 29.
Ykdysady ösüş we onuň ugurlary Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň hemme pu daklarynda gyradeň ýokary ösüş derejesi saklanylýar. Bu ösüşleri gazanmakda hem yzygiderli berkitmekde baý tebi gy gorlara, işjeňligi barha artýan maýa goýum işiniň netiije liligine, çig mal pudagyna degişli bolmadyk ulgamlaryň dep ginli ösdürilmegine, iri möçberli daşary ýurt maýa goýum serişdeleriniň çekilmegine, ýurtda maliýe we durmuş dur nuklylygyny saklamaga, milli puluň hümmetiniň durnukly bolmagyny üpjün etmäge aýratyn orun berilýär. Döwletiň ykdysady syýasatynyň esasy maksatlary: 1. Ykdysadyýetiň ösüşini gazanmak. 2. Ilaty iş bilen üpjün etmek. 3. Puluň hümmetsizligini peseltmek. Ykdysady ösüş her bir jemgyýet üçin derwaýys mesele dir. Sebäbi ol jemgyýetçilik gurluşyna garamazdan, halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýyna täsir edýär. Ykdysady ösüş bu ýurduň güllemeginiň şertidir. Ykdysady ösüş – bu jemgyýetçilik önüminiň mukdar taý dan köpelmegi we hil taýdan kämilleşmegidir. Ykdysady ösüşi gazanmak üçin ýurtda elmydama ykdy sadyýete üns bermeli we ýüze çykýan meselelerini wagtynda çözmeli. Ykdysady ösüşi gazanmak üçin iki ýol: ekstensiw we intensiw ýollar bar. Önümçiligiň ösüşi onuň şertleriniň mukdar taýdan art- dyrylmagy esasynda amala aşyrylsa, oňa ykdysady ösüşiň ekstensiw ýoly diýilýär. Onda ösüşiň şertleriniň tehniki 92 II bölüm derejesi öňküligine galýar. Mysal üçin, önümçiligiň ösüşi işgärleriň sanynyň köpeldilmeginiň hasabyna, çig malyň, materiallaryň, energetiki serişdeleriň dolanyşyga goşmaça girizilmeginiň, täze gurluşygyň hasabyna alnyp barylsa, onda bu ösüşiň ekstensiw ýa-da köp harajatly ýoludyr. Ekstensiw ösüşiň oňaýly taraplary bardyr. Eger-de önüm çiligi giňeltmegiň şertleri ýeterlik bolsa, onda eksten siw ösüşi ýeňil amala aşyrmak mümkin. Ekstensiw ösüş te bigy resurslaryň çalt özleşdirilmegine, ilatyň iş bilen üpjün çiligini gowulandyrylmagyna amatly şertleri döredýär. Emma ekstensiw ösüş ýolunyň oňaýsyz taraplary hem bardyr. Ol tehniki durgunlyga, köp harajatlylyga alyp bar- ýar. Tebigy baýlyklaryň möçberiniň, zähmet serişdeleriniň kö peltmegiň mümkinçilikleriniň çäkliligi sebäpli ekstensiw ösüş ýoly, belli bir derejede, amatsyzdyr. Eger-de öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyryl magy önümçilik şertleriniň mukdar taýdan däl-de, olaryň hili taýdan kämilleşdirilmeginiň netijesinde gazanylýan bolsa, onda bu ykdysady ösüşiň intensiw ýoly bolýar. In tensiw ösüş önümçilik şertleriniň peýdalanylyşyny go- wulandyrmagyň ha sabyna hem bolup biler. Ol has kä mil zähmet serişdeleri niň peýdalanylmagyny we zähmet predmetleriniň tyg şytly ula nyl magyny, işgäriň hünäriniň ýokarlandyrylma gyny hem-de bar bolan önümçilik kuw- watlyklarynyň peýda lany lyşy nyň gowulandyrylmagyny göz öňünde tutýar. Ykdysady ösüşiň iki ýoly-da özara baglanyşyklydyr. Hakyky (real) ykdysady durmuşda ekstensiw ýa-da intensiw ösüş ýollary ýeke-täk arassa görnüşinde duş gelmeýär. Olar hemişe özara utgaşykly amala aşyrylýar. Emma jemgyýet- çilik önümçiliginiň ösüşiniň belli-belli döwründe intensiw ýa-da ekstensiw ugur agdyklyk edýär. Ykdysadyýeti inten siw usula geçirmek wajyp meseleleriň biridir. Munuň özi is lendik jemgyýet üçin kanunalaýyk ýagdaýdyr. 93 MILLI YKDYSADYÝET WE ONUŇ ÖSÜŞI Şeýlelikde, ykdysady ösüşi gazanmak üçin ýurtda elmy dama ykdysadyýete üns bermek we onuň ýüze çykýan mese lelerini wagtynda çözmek zerur bolup durýar. Ykdysady ösüşiň depginine täsir edýän şertler bar. Olar: ● tebigy serişdeler; ● zähmet serişdeleri; ● maýa goýumlar; ● innowasiýalar; ● ykdysadyýetiň düzümi; ● jemi hyrydarlyk; ● ykdysady ulgamyň gurluşy; ● durmuş-syýasy şertler. Ykdysadyyet çökgünlik ýagdaýa düşende ýurduň içinde iş sizlik we puluň hümmetsizlenmegi ýagdaýlary ýüze çykýar. Işsizlik – bu durmuş-ykdysady hadysadyr. Bu ýagdaý da jemgyýetde zähmete ukyply ilatyň bir bölegi ulanylman galýar. Işsiz adam – zähmete ukyply, emma özüne bagly bol madyk sebäplere görä işini ýitiren ýa-da iş gözläp ýören ada ma diýilýar. Ykdysadyýetde işsizligiň zyýanyny kesgitleýän ýörite ykdysady kanun hereket edýär. «Oýkeniň kanuny» – bu ka nun boýunça işsizlik öz kadasyndan 1 % artsa, onda ykdy sady ösüş 2,5-3 % peselýär. Ol ykdysadyýetiň ösüşini seljer mek üçin ulanylýar. Işsizligiň şu görnüşleri tapawutlandyrylýar: ● siklleýin (tapgyrlaýyn) häsiýetdäki işsizlik – önüm çilik pese düşüp, iş orunlaryna ýerleşmäge isleg bil- dirýänleriň sanynyň iş orunlarynyň sanyndan köp bo lan mahalynda ýüze çykýar; ● friksion (üýtgeýän) işsizlik işgärleriň sebitler boýun ça, şonuň ýaly-da käri we ýaşy bilen baglylykda, bir ýerden başga ýere geçmegi (ýaşaýan ýeriniň üýtgeme 94 II bölüm gi, täze hünär almagy, okamagy, çagasyna seretmegi we ş.m.) bilen baglanyşyklydyr; ● düzümleýin işsizlik – işe ukyply ilatyň bir böleginiň önümçiligiň düzüminiň üýtgedilmegi, täze hünär almak zerurlygy bilen baglylykda işini wagtlaýyn ýi tirmegi; ● ykdysadyýetiň ýagdaýy zerarly ýüze çykýan işsizlik ykdysadyýetdäki umumy pese gaçyş bilen baglylykda iş tapmak mümkinçiliginiň bolmazlygy zerarly ýüze çykýar. Işsizligiň görkezijileri: ● işsizlik derejesi – işsizleriň sanynyň işçi güýjüniň sa nyna bolan göterim hasabyndaky gatnaşygy; ● işsizligiň dowamlylygy. Işsizligiň durmuş-ykdysady netijesi: ● ykdysady ýitgiler we jemi içerki önümiň ösüş dere- jesiniň peselmegi; ● adamlaryň girdejileriniň we ýaşaýyş derejesiniň aşak düşmegi; ● işsizlik uzaga çeken mahalynda işgärleriň hünär ukyp larynyň kütelmegi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkme nistanda goşmaça iş ýerlerini döretmek maksady bilen, milli ykdysadyýeti has hem ösdürmek üçin, ilatyň milli harytlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýurtda giňden kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam berilýär. Türkmenis tanda telekeçilik işi we onuň guramaçylyk-hukuklarynyň ka dalary düzüldi. Ýagny, «Telekeçilik işi hakynda», «Eýeçilik hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan gol damak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Telekeçilik – raýatlaryň peýda almak maksady bilen harytlary öndürmek we ýerleşdirmek, hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan hususy işidir. Kärendeçi, işçi, dolandyryjy, kärhananyň eýesi we ş.m. telekeçi bolup bilýär. 95 MILLI YKDYSADYÝET WE ONUŇ ÖSÜŞI Telekeçilik işi bilen serişdeleriň eýesiniň özi ýa-da başga bir ygtyýar berlen adam meşgullanýar. Telekeçiniň esasy alamatlary: ● ykdysady özbaşdaklyk; ● özüni ödeýjilik we peýdalylyk; ● özüni maliýeleşdirmek; ● maddy taýdan gyzyklandyrmak; ● ykdysady jogapkärçilik; ● pul bilen gözegçilik etmek. Download 0.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling