B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary


Download 1 Mb.
Pdf ko'rish
bet12/57
Sana31.12.2022
Hajmi1 Mb.
#1073548
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   57
Bog'liq
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

6. Üsti dikuçarly gämi deňiz menzilinden çykyp, 
960 km daşlykda ýerleşýän ada tarap 60 km/sag tizlik 
bilen ýüzüp ugrady.
Bellibir wagtdan soň dikuçar gäminiň üstünden ba­
rylmaly ada tarap 200 km/sag tizlik bilen uçup ugrady. 
Eger dikuçaryň sürüjisine ada barmak üçin 9 sagat ge­
rek bolan bolsa, dikuçar näçe wagtlap uçupdyr.
7. Iki obadan birwagtda iki tigirli çykyp bir­biriniň 
gar şysyna ugradylar. Olaryň birinjisiniň tizligi 10 km/sag
ikinjisiniňki bolsa 15 km/sag. Olar duşuşmazyndan 2 sa­
gat öň olaryň arasyndaky uzaklyk näçä deň bolar?
8. Iki tigirli biri­biriniň garşysyna barýardylar. 
Olaryň biriniň tizligi 12 km/sag, beýlekisinin tizligi 
bolsa birinjisiniňkiden 3 km/sag köpdi. Olar duşuşyk­
dan 2 sagat geçenden soň biri­birinden näçe daşlykda 
bolarlar. 
9. Iki dogan öýlerinden 4 km daşlykdaky demir ýol 
menziline barmak isleýärdiler. Otlynyň ugramagyna az 
wagt galypdy. Eger olar tigirli gitseler otla ýetişip bil­
jekdiler. Emma doganlaryň ulusynyň tigri ýel goýberen 
eken. Eger olar pyýada gitseler, onda otly ugranyndan 
10 minut soň menzile barjaklar. Emma olar doganlaryň 
kiçisiniň tigrinden peýdalanyp, bir wagtda otly ugra­
mazdan 10 minut öň demir ýol menziline bardylar. 
Eger tigirliniň tizliginiň pyýadanyň tizliginden 3 esse 


43
uludygy we tigri iki bölüp münüp bolmaýanlygy belli 
bolsa, doganlar bu işi nähili amal etdiler? Pyýadanyň 
we tigirliniň tizlikleri näçe? 
10. Üç ýolagçy aralaryndaky uzaklyk 30 km bolan 
çopan goşundan oba bir wagtda ugradylar. Olaryň bir 
aty bar. Ata bir wagtda iki adam münüp bilýär. Atyň 
tizligi 15 km/sag, pyýadanyň tizligi bolsa 5 km/sag
Olaryň üçüsi bir wagtda oba geler ýaly, atdan nähili 
peýdalanmaly?
11. Syýahatçy suwsuz çölüň içi bilen alty günlük 
ýöriş geçirmekçi bolýar. Syýahatçynyň özi we onuň 
ýüküni göterişmäge kömekleşýän ýükçi bir adama ge­
rek bolan dört günlük suw we iýmit ätiýaçlyklaryny 
göterip bilýärler. Bu ýörişi geçirmek üçin syýahatçy öz 
ýany bilen näçe ýükçini alyp gitmeli?
12. Gülnar, Aşyr we olaryň kakasy syýahata ugrady­
lar. Agşamara olar ýuwaşja akýan we çuň däl derýanyň 
kenaryna baryp ýetdiler. Kenarda agaçdan ýasalan we 
100 kg­a çenli ýüki göterip biljek sal bardy. Kakasynyň 
agramy 80 kg, Gülnaryň agramy 50 kg, Aşyryň agramy 
40 kg we ýüküň agramy 15 kg
Aşyr ilkinji nobatda aňyrky kenarda odun we ot 
ýakmak üçin ýer taýýarlamaly. Soňra Gülnar çorba üçin 
balyk we kartoşka arassalamaly. Kakasy bolsa agşam 
ýatmak üçin çadyr dikmeli. Görkezilen her bir işi etmek 
üçin 20 minut wagt gerek. Derýadan 10 minutda geçip 
bolýar. Nähili edip bir sagada­da galman olaryň üçüside 
derýanyň aňyrsyna geçip, öz borçlaryny ýerine ýetirip bi­
lerler? Bir sagatdan garaňky düşýär we ot ýakmaly.


44
13. Iki orunly motosikletde 3 adam nähili edip 
60 km aralygy 3 sagatda geçip biler? Motosikletiň tiz­
ligi 50 km/sag, pyýadanyň tizligi 5 km/sag.
14. Ýaşikleriň dördüsinde gaba salnan süýjüler 
bardy. Olaryň her birinden 9 gap süýjüni alansoňlar, 
4 ýaşikde galan süýjüleriň mukdary bir ýaşikdäki ýaly 
bolupdy. Ýaşikleriň her birinde ilki başda näçe gap 
süýji bar eken?
15. Kombaýnçylaryň topary iki meýdanyň bug da­
ý y ny ormalydylar. Olar uly meýdanyň bugdaý yny orup 
başladylar. Günüň ikinji ýarymynda kombaýnlaryň 
ýarysy uly meýdanda galyp, ony agşama çenli orup 
gutardylar. Kombaýnlaryň galan ýarysy, günüň ikinji 
ýarymynda iki esse kiçi bolan beýleki meýdanyň bug­
daýyny ordular. Bir kombaýn ertesi hem uzakly gün 
işläp, kiçi meýdanyň bugdaýyny orup gutaran bolsa
toparda näçe kombaýn bar eken? 

Download 1 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   57




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling