B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary


 Eger sebetden 3 alma çykarylsa, onda olaryň iň  bolmanda iki sanysy bir görnüşli alma bolar. 69


Download 1 Mb.
Pdf ko'rish
bet11/57
Sana31.12.2022
Hajmi1 Mb.
#1073548
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   57
Bog'liq
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

68. Eger sebetden 3 alma çykarylsa, onda olaryň iň 
bolmanda iki sanysy bir görnüşli alma bolar.
69. 1) eger 12 sany çöpjagaz alynsa, onda olaryň 
azyndan 2 sanysy gyzyl bolar; 2) eger 7 sany çöpjagaz 
alynsa, onda olaryň azyndan 3 sanysy gara bolar. 
70. 37 baýdak.
71. Hawa, hemişe 7­den az bolmadyk bir reňkli şar 
tapylar. Sebäbi gutuda 4 hili reňkli şarlaryň 25­isi bar. 
Eger ol şarlaryň her bir reňklisinden 6 sanysy bolsa
onda şarlaryň sany 6 ⋅4=24 bolardy. Diýmek, iň bol­
manda 1 reňkli şardan 7 sanysy bar.


41
II BAP
HASAPLAMAGA, DEŇLEME DÜZMÄGE 
WE GÖTERIMLERE DEGIŞLI MESELELER
1. Alta galyndysyz bölünýän sany ýatdan belläň. Ol 
sanyň ýarysyny; ol sanyň üçden birini; ol sanyň alty­
dan birini tapyň. Alnan sanlary goşuň. Siz ýatdan bel­
län sanyňyzy aldyňyz. Sanlaryň jemini hasaplaň?
2. Amana alma, armyt, üzüm almak üçin 3 manat 
60 teňňe berdiler. Aman bazardan gelende uly dogany 
Maýsa näçe pulunyň galanyny sorady. Aman puluň 
2
1
–ine alma, 
3
1
–ine armyt we 
6
1
–ine üzüm satyn al­
nandygyny aýtdy. Mende näçe puluň galanyny özüň bil 
diýip jogap berdi. Maýsa: «Sende pul galmandyr» diý­
di. Ol muny nädip bildi?
3. Maksat bir käse gara çaýyň 
6
1
bölegini içdi we 
käsäni süýt bilen doldurdy. Soňra ýene­de käsäniň
3
1
bölegini içdi we ýene­de ony süýt bilen doldurdy. 
Soňra käsäniň ýarysyny içdi we ony ýene süýt bilen 
doldurdy. Ondan soňra Maksat käsäni tutuşlygyna içip 
boşatdy. Maksat çaýy köp içdimi ýa­da süýdi?
4. Otluda barýan ýolagçy ýoluň ýarysyny geçenden 
soň irkildi. Ol oýananda irkilip geçen ýolunyň ýarysy 


42
ýaly ýoly geçmelidigi belli boldy. Ol ýoluň näçe bölegi­
ni uklap geçiripdir?
5. Aman 2 depder, 1 ruçka üçin 90 teňňe töledi. 
Eger ol 2 ruçka 1 depder alan bolsa, 1 manat 20 teňňe 
tölemeli bolardy. Ruçkanyň we depderiň bahasyny kes­
gitläň. 

Download 1 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   57




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling