B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary


Babasynyň 56 ýaşy, agtygynyň bolsa 14 ýaşy  bar. Haçan babasynyň ýaşy agtygynyň ýaşyndan iki  esse uly bolar? 17


Download 1 Mb.
Pdf ko'rish
bet13/57
Sana31.12.2022
Hajmi1 Mb.
#1073548
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   57
Bog'liq
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

16. Babasynyň 56 ýaşy, agtygynyň bolsa 14 ýaşy 
bar. Haçan babasynyň ýaşy agtygynyň ýaşyndan iki 
esse uly bolar?
17. 35 ýaşly Aman aganyň 4 ogly bar. Her biri beý­
lekisinden iki ýyl ýaş, onsoňom iň ulusynyň 8 ýaşy bar. 
Haçan hemme çagalarynyň jemi ýaşy kakasynyň ýaşy 
bilen deň bolar ?
18. Iki ekiz dogan ýaşapdyr. Olaryň biri gije 
gündiziň 
3
1
­ini, beýlekisi bolsa bir gije gündiziň 
4
1
­ini 
uklap geçiripdir. Olar 72 ýaşapdyrlar. Olaryň her biri 
ömrüniň näçe wagtyny ýatyp geçiripdir?


45
19. Öküz bir daňy bedäni 1 sagatda, at 2 sagatda, 
geçi bolsa 3 sagatda iýip gutarýar. Olaryň üçüsi bile­
likde bir daňy bedäni näçe sagatda iýip gutararlar?
20. Oglanjyk 600 gram mürepbäni 6 minutda iýýär, 
Böwenjik bolsa ondan iki esse çalt iýýär. Olaryň ikisi 
bilelikde 600 gram mürepbäni näçe wagtda iýerler?
21. Ýük otlysynyň uzynlygy 1 km we ol 50 km/sag 
tizlik bilen hereket edýär. Ol uzynlygy 1 km bolan tun­
nelden näçe wagtda geçer?
22. 150 metrlik köpriniň üstünde duran adam 
otlynyň öz deňinden 10 sekuntda geçenligini, köprini 
geçmek (teplowozyň köpriniň üstüne müneninden, tä 
soňky wagonyň köpriniň üstünden düşýänçä wagty) 
üçin bolsa 25 sekunt harçlandygyny kesgitläpdir. Otly­
nyň uzynlygyny we onuň tizligini kesgitläň. 
23. Eginleri deň bolmany üçin agramy nädogry 
ölçeýän okaraly terezi bar. Massasyny anyklamaly ýüki 
ilki tereziniň bir okarasyna salyp, agram daşlary bol­
sa beýleki okara salyp çekdiler. Soňra bolsa ýüküň we 
agram daşlaryň okaralaryny çalşyp çekdiler. Ýüküň 
massasyny anyk kesgitläp bolarmy? 
24. Eginleri deň bolmany üçin agramy nädogry öl­
çeýän okaraly terezi bar. 2 kg ýarmany almak üçin 
kg daşy bir okarada goýup, beýleki okara bolsa ýar­
ma guýdular. Soňra bolsa okaralary çalşyp ýene­de 1 
kg ýarmany çekdiler. Bu iki gezek çekilen yarmalary 
goşup, onuň massasynyň 2 kg-ma deňligi barada netije 
çykardylar. Bu netije dogrumy?
25. Ýük maşyny 25000 km geçenden soň onuň 
yz tigrindäki rezinleri, 15000 km geçenden soň bol­


46
sa öň tigrindäki rezinleri täzesi bilen çalşyrmaly bol­
ýar. Eger öz wagtynda öň we yz tigirlerdäki rezinler 
çalşyrylsa, onda ýük maşyny näce kilometr ýoly rezin­
lerini çalşyrmazdan geçip biler?
26. Derýanyň akyş tizligi 2 km/sag. Eger gäminiň 
tizligi üýtgewsiz bolsa, onda akymyň ugruna ýüzýän 
gäminiň tizligi akymyň garşysyna ýüzýän gäminiň tiz­
liginden näçe köp?

Download 1 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   57




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling