B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary


 Garry ene bazara satmak üçin ýumurtga getir­ di. Birinji alyjy ýumurtgalaryň  2 1 -


Download 1 Mb.
Pdf ko'rish
bet16/57
Sana31.12.2022
Hajmi1 Mb.
#1073548
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   57
Bog'liq
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

47. Garry ene bazara satmak üçin ýumurtga getir­
di. Birinji alyjy ýumurtgalaryň 
2
1
-ini we ýene­de 1 ýu­
murtga satyn aldy. Ikinji alyjy galan ýumurtgalaryň 
2
1
­ini we ýene­de 1 ýumurtga satyn aldy. Üçünji alyjy 
hem soňky galan ýumurtgalaryň 
2
1
­ini we ýene­de 


51
1 ýumurtga satyn aldy. Şeýlelikde, garry enede 5 ýu­
murtga satylman galdy. Garry ene başda bazarda sat­
mak üçin näçe ýumurtga getiripdir?
48. Kakasy Aman, Maýsa we Kyýas üçin hoz satyn 
aldy. Hozlary çagalar deň paýlaşmalydylar. Mekdepden 
birinji Kyýas geldi we hozlaryň 
3
1
­ini alyp oýnama ga 
git di. Ikinji mekdepden Maýsa geldi we galan hozlaryň 
3
1
­ini alyp enelerine gezmäge gitdi. Üçünji mekdepden 
Aman geldi we galan hozlaryň 
3
1
­ini aldy. Şondan soň 
se kiz hoz galdy. Kakasy çagalary üçin näçe hoz alyp dyr. 
49. Amanyň, Merediň we Çarynyň aşyklary bardy. 
Aman öz aşyklaryndan Merede we Çara olarda näçe 
aşyk bar bolsa, şonça aşygy berdi. Soňra Meret öz 
aşyklaryndan Amana we Çara olaryň her haýsynda 
näçe aşygy bar bolsa, şonça aşygy berdi. Iň soňunda 
Çary hem öz aşyklaryndan Amana we Merede olaryň 
her haýsynda näçe aşygy bar bolsa, şonça aşygy berdi. 
Şondan soňra oglanlaryň her birinde 8 aşygy bardy. Ilki 
başda oglanlaryň her birinde näçe aşygy bar eken?
50. Kakasy 24 sany hozy üç oglunyň her haýsyna
näçe ýaşan bolsa, şonça hozdan paýlap berdi. Kakasy: 
«Goý, doganlaryň kiçisi öz hozlarynyň ýarysyny uly 
doganlaryna deň paýlap bersin. Soňra doganlaryň or­
tanjysy öz hozlarynyň ýarysyny uly we kiçi dogan­
laryna deň paýlap bersin. Iň soňunda uly dogan hem 
hozlarynyň ýarysyny kiçi doganlaryna deň paýlap ber­
sin» diýip sargady. Ogullary kakasynyň bu sargydyny 
berjaý edenlerinde ola ryň her birinde 8 hozy bardy. 
Doganlaryň her biri näçe ýaşynda?


52
51. Bahar aýy atasy 4 agtygyny alyp, kömelek 
ýygmaga gitdi. Kömelekli meýdanda olaryň her haýsy 
dürli taraplara gitdiler. Birsalymdan atalary ýadap 
oturdy we tapan kömeleklerini sanady. Ol 45 sany kö­
melek tapypdy. Atalarynyň oturanyny görüp agtyklary 
onuň ýanyna ylgaşyp geldiler. Olaryň özleri kömelek 
tap mansoňlar, atasyndan tapan kömeleklerinden öz­
lerine bermegini soradylar. Atalary öz tapan kö me ­
lek le riniň ählisini agtyklaryna paýlady. Çagalar ýene­
­de kömelek gözläp, dürli taraplara ýörediler. Şonda 
çagalaryň biri 2 kömelek tapdy, beýlekisi bolsa 2 kö­
melek ýitirdi, üçünjisi atasynyň bereni ýaly kömelegi 
tapdy, dördünjisi bolsa atasynyň beren kömelekleriniň 
ýarysyny ýitirdi. Çagalar öýlerine gelip kömelekleri­
ni sananlarynda olaryň ählisiniň kömelekleriniň sany 
deňdi. Oglanlaryň her birine atasy näçe kömelek be­
ripdir? Olar öýlerine gelende çagalaryň her haýsynda 
näçe kömelegi bar eken?
52. Iki agaçda 16 serçe otyr. Ikinji agaçdan 2 serçe 
uçup gitdi, soňra birinji agaçdan ikinji agaja 5 serçe 
uçup bardy. Ondan soňra agaçlaryň her birinde şol bir 
sanly serçeler boldy. Agaçlaryň her birinde ilkibaşda 
näçe serçe bar eken?
53. Atasy, kakasy we ogly üç bolup Serdaryň sag­
lyk ýoly bilen ýokarlygyna barýardylar. Olaryň tanşy 
Meret aga aşaklygyna düşüp gelýärdi. Sag lyk – aman­
lyk soraşylandan soňra Meret aga olaryň hersiniň näçe 
ýaşyndadygyny sorady. Atasy «Biziň üçümiziň bile­
likdäki ýaşymyz 100» diýip ýokarlygyna ýöräp ugrady. 
Kakasy «Oglumyň we meniň bilelikdäki ýaşymyz 45. 
Men oglumdan 25 ýaş uly» diýip ol hem ýoluny do­
wam etdi. Şeýlelikde, Meret aga olaryň her biriniň nä­


53
çe ýaşyndadygyny bilip bilmedi. Olaryň her biri näçe 
ýaşyndaka? 

Download 1 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   57




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling