B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary
Oglanyň ýaşy kakasynyňkydan iki esse kiçi. Kakasy 24 ýaşyndaka ogly doglupdy. Häzir ogly näçe ýaşynda? 55
Download 1 Mb. Pdf ko'rish
|
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
54. Oglanyň ýaşy kakasynyňkydan iki esse kiçi.
Kakasy 24 ýaşyndaka ogly doglupdy. Häzir ogly näçe ýaşynda? 55. 11 metrlik ýüpi bir bölekdäki metrleriň sany beý leki bölekdäki desimetriň sanyna deň bolar ýaly edip, iki bölege böldüler. Her bölekdäki ýüpüň uzynlygyny tapyň. 56. Oglanlar, suwy kesilen ýabyň düýbünde galan suwdan birnäçe balyk tutdular. Her oglana bir balyk bereniňde olaryň birine ýetmeýänligi, eger her iki oglana bir balykdan berlende bolsa bir balygyň artyp galýanlygy belli boldy. Oglanlaryň sany näçe we olar näçe balyk tutupdyrlar? 57. Uçup gelýän guşlar agaçlary gördüler we olaryň üstüne gonmaga başladylar. Guşlar birbirden gonan larynda olarýň dördüsine agaç ýetmedi. Her agaja iki ikiden gonanlarynda bolsa bir tut agajy artyp galdy. Näçe agaç we näçe guş bar eken? 58. Aman we Çary küşt oýnaýardylar. Çary göçüm etmek üçin çuňňur oýa batanda Amanyň içi gysyp başlady. Aman şonda tagtadaky boş öýjükleriň mal lar duran öýjüklerden 3 esse köpdugini we özüniň mallarynyň Çarynyň mallaryndan 4 sany köpdügini anyklady. Şu pursatda olaryň her haýsynda näçe maly bar eken? 59. «Ata sen näçe ýaşyňda?» diýip agtygy ata syndan sorady. Atasy «Eger meniň ýaşan her 10 ýyly myň üstüne 2 ýyldan goşsaň, meniň ýaşym 84 bolar» 54 diýp jogap berdi. Agtygy atasynyň näçe ýaşyn dadygyny örän kynlyk bilen hasaplap tapdy. Oglanjygyň atasy näçe ýaşynda? 60. Kakalary Amana we Merede özara küşt oýna magy teklip etdi. Her utan oýny üçin küştçä baýrak hökmünde pisse berjekdigini, özünem öňki utan oý nundakydan 4 esse köp pisse berjekdigini aýtdy. Aman oýnalan dört döwüň dördüsinem utdy we baýrak hök münde 255 pisse aldy. Aman her utan oýnundan soň näçe pisse alypdyr? 61. Kakasy 5 oglunyň her haýsyna deň sanly hoz berdi. Doganlarynyň üçüsiniň her biri 5 hozy iýen lerinden soňra olaryň galan hozlarynyň beýleki iki doganyňky ýalydygy belli boldy. Kakasy ogullarynyň her birine näçe hoz beripdir? 62. Aman jigisi Merjeni doglan gününe 16 manat 80 teňňä oýunjak aýyny, maýmyny, syçany we pişigi satyn aldy. Maýmynyň, syçanyň we pişigiň bilelikdäki bahasy 12 manat 60 teňňe, aýynyň, syçanyň we pişigiň bilelikdäki bahasy 11 manat 20 teňňe, maýmynyň we pişigiň bilelikdäki bahasy 10 manat 20 teňňe bolsa, oýunjaklaryň her biriniň bahasy näçe? 63. Meniň 1 manat 20 teňňe pulum bardy. Men bu pula sirkul, çyzgyç we transportir satyn aldym. Eger men sirkul we çyzgyç üçin bu puluň 3 2 bölegini, çyz gyç we transportir üçin 5 3 bölegini sarp eden bolsam bu esbaplaryň her haýsy üçin näçe pul töläpdirin? 64. Obadan şähere barýan iki oglan ýoluň 3 1 ini ge çenden soň dynç almak üçin oturdylar. Oglanlaryň biri 55 beýlekisinden: «Biz ýene näçe ýol ýöremeli?» diýip so randa ol: «Geçen ýolumyzdan 12 km köp ýol ýöremeli» diýip jogap berdi. Şäher bilen obanyň arasyndaky uzaklyk näçe? 65. Myrat sygyrlary, goýunlary we geçileri bakyp ýördi. Onuň ýanyna dosty Mergen gelip «Seniň bakýan mallaryň näçesi sygyr?» diýip sorady. Myrat «Sygyrlar meniň bakýan mallarymyň 2 1 ini düzýär» diýip jogap berdi. Onda Mergen «Bu mallaryň näçesi goýun?» diýip sorady. Myrat «Goýunlar meniň bakýan mallarymyň 3 1 ini düzýär» diýip jogap berdi. «Geçiler näçe sany?» diý len soraga Myrat «Geçiler goýunlardan 25 sany az» diýip jo gap berdi. Mergen biraz pikirlenip, näçe sygryň, goý nuň we geçiniň bardygyny kesgitledi. Näçe sygyr, goýun we geçi bar? 66. Enesi agtyjaklary üçin etli somsa bişirdi. Ol somsalary sanap pikirlendi: «Eger her agtygyma 5 som sadan paýlasam, onda bir agtygyma 5 dälde, eýsem, iki somsadan ýeter. Eger her agtygyma 4 somsadan paýla sam, onda 3 somsa artyp galýar». Enäniň näçe agtygy bar eken? Ol näçe somsa bişiripdir? 67. Oglanlar synpdaş gyzlaryny bahar baýramy bi len gutlamakçy boldular. Olar her bir gyza 1 manat 60 teň ňelik sowgat almak üçin 1 manat 20 teňňäniň ýet meýänligini, 1 manat 20 teňňelik sowgat alsalar 1 ma nat 60 teňňäniň artyp galýandygyny hasapladylar. Oglan lar näçe manada sowgat almakçy boldular? 68. Daýhan öz ýetişdiren üzüm hasylynyň 2000 kg kem 3 1 ini çakyr zawodyna tabşyrdy. Galan hasylyň 56 2 1 ini we 6000 kgny bolsa bazarda satdy. Daýhan näçe üzüm hasylyny ýetişdiripdir we onuň näçesini zawoda tabşyryp, näçesini bolsa bazarda satypdyr? Download 1 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling