11. Maşgalanyň düzümini nähili bilmeli?
Eger aşakdaky amallary ýerine ýetirse, siz ýol da
şyňyzyň erkek we aýal doganlarynyň sanyny kesgitläp
bilersiňiz:
– erkek doganlaryňyzyň sanynyň üstüne 3i goşuň;
– jemi 5e köpeldiň;
– köpeltmek hasylyna 20ni goşuň;
– jemi 2ä köpeldiň;
– alnan netijä aýal doganlaryňyzyň sanyny goşuň;
– jeme 5i goşuň we alnan netijäni maňa aýdyň.
Bu netije boýunça siz onuň erkek we aýal do gan la
rynyň sanyny dessine aýdyp bilersiňiz.
Meselem, ýoldaşyňyzyň 4 erkek we 7 aýal dogany
bar bolsun. Ol aşakdaky amallary ýerine ýetirýär:
4+3=7
55⋅2=110
7⋅5=35
110+7=117
35+20=55
117+5=122
122 sany ýoldaşyňyz size aýdýar we siz onuň aýal
we erkek doganlarynyň sanyny aýdýarsyňyz. Siz ony
nähili bilmekçi?
120
12. Telefon kitaby ulanylýan gözbagçylyk
Bu gyzykly gözbagçylyk aşakdaky ýaly ýerine ýeti
rilýär. Ýoldaşyňyza deň sifrleri bolmadyk üçbelgili sany
ýazmagy hödürläň. Goý, ol 648 ýazypdyr diýeliň.
846
198
–
+
648
891
198
1089
Bu sanyň sifrlerini ters tertipde ýazyp, olaryň
ulusyndan kiçisini aýyrmaklygy (eger tapawut iki sifr
den dursa olaryň öňünde nol ýazylýar) tabşyryň. Al
nan tapawutdada sifrleri ters tertipde ýazyp, ikisini
goşmaklygy haýyş ediň. Ýokarda görkezilen amallary
ol size görkezmän, ýagny syryny açman ýerine ýetirýär.
Netijäni siz bilýänsiňiz diýip göwnünede getirmeýär.
Soňra siz ýoldaşyňyza telefon kitabyndan ahyrky alnan
netijäniň ilkinji üç sifrini (108) aňladýan sahypany
açmaklygy haýyş edýärsiňiz ýoldaşyňyz 108nji sahy
pany açyp siziň soňky tabşyrygyňyza garaşýar. Açylan
sahypanyň ýokarsyndan (ýada aşagyndan) jemleýji
sanyň (1089) ahyrky sifrine (9) deň bolan abonentiň
familiýasyny tapmaklygy haýyş edýärsiňiz. Ol 9njy
abonenti tapýar, siz bolsa ol adamyň familiýasyny we
onuň telefon belgisini aýdýarsyňyz! Siziň bilgirligiňiz
ýoldaşyňyzyň aklyny haýran edýär: sebäbi ol kellesine
gelen ilkinji sany saýlap aldy, ýöne siz telefonyň eýesi
niň familiýasyny we telefon belgisini aýan etdiňiz.
Gözbagçylygyň syry nämede?
121
Do'stlaringiz bilan baham: |