B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary


Download 1 Mb.
Pdf ko'rish
bet41/57
Sana31.12.2022
Hajmi1 Mb.
#1073548
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   57
Bog'liq
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

14. Ajaýyp ýatkeşlik
Kagyz listine 20­25 sifri bolan uly san ýazýarsyňyz 
we tomaşaçylara şu sanyň ähli sifrini şu yzygiderlikde 
gaýtalap biljekdigiňizi duýdurýarsyňyz. Biz yzygider­
likde hiç hili kanunalaýyklygyň ýokdugyna seretmez­
den siz gözbagçylygy ýokary derejede geçirýärsiňiz. 
Siz bu işi nähili edip amala aşyrdyňyz? 
15. Nähili edip ýazylmadyk sanlaryň 
jemini bilmeli?
Siz wagtlaýynça diňe birisi ýazylan üç sanyň jemi­
ni aýan etmäge çalyşýarsyňyz. Gözbagçylyk şeýle ýeri­
ne ýetirilýär:
Siz ýoldaşyňyza islendik köpbelgili sany ýazmagy 
hödürleýärsiňiz: bu birinji goşulyjydyr. Goý, ol 84706 
sany ýazsyn, onda ikinji we üçunji sanlara ýer goýup, 
doly ýazylmadyk üç sanyň jemini öňünden ýazýar­
syňyz:


123
1­nji goşulyjy 
84706
2­nji goşulyjy 
...
3­nji goşulyjy 
...
Jemi: 
184705 
Ondan soň ýoldaşyňyz ikinji sany ýazýar (birinji 
san näçe belgili bolsa, ikinji san hem şonça belgili bol­
maly), üçünji goşulyjyny siz özüňiz ýazmaly:
1­nji goşulyjy 
84706
2­nji goşulyjy 
30485
3­nji goşulyjy 
69514
Jemi: 
184705 
Jemiň dogry tapylandygy şübhesizdir. Gözbag çy­
lygyň syry nämede?
16. Çalt kub kök almak
Kub kök almak boýunça gözbagçylyk tomaşaçylaryň 
birini sahna çagyryp, 1­den 100­e çenli islendik sany al­
magy we şol sanyň kubuny çalt hasaplap, netijäni size 
aýtmakdan başlanýar. Ondan soňra gözbagçy bada­bat 
şol sandan alnan kub köki aýan edýär. 
Bu gözbagçylygy görkezmek üçin ilki bilen 1­den 
10­a çenli sanlaryň kublaryny ýatdan bilmek zerur­
dyr:
1
3
=1; 2
3
=8; 3
3
=27; 4
3
=64; 5
3
=125; 6
3
=216; 
7
3
=343; 8
3
=512; 9
3
=729; 10
3
=1000. 
Görnüşi ýaly, 2 we 3­den we 7 we 8­den beýleki 
sanlar öz kublarynyň ahyrky sifri bilen gabat gel ýär. 
2 we 3, 7 we 8 sanlaryň kubunyň ahyrky sifri 10 bi­
len kuba göterilýän sanyň tapawudyna deňdir. Bu 
mag lumatlar çalt kub kök almak üçin ulanylýar. Goý, 


124
tomaşaçy käbir sany kuba göterip size 250047 sany 
aýtsyn. Bu sanyň ahyrky sifri 7, şonuň üçin kub köküň 
ahyrky sifri 3 bolmalydyr. Gözlenýän sanyň birinji sif­
rini aşakdaky ýaly taparys. Kubuň ahyrky üç sifrini 
çyzýarys (onuň sifrleriniň sanyna bagly bolmazdan) we 
olaryň öňündäki sifrlere üns berýäris. Biziň alan ýag­
daýymyzda bu san 250. 250 san kublar tablisasynda 
6­nyň we 7­niň kublarynyň arasynda ýerleşýär. Olaryň 
kiçisi biziň mysalymyzda 6­dyr we ol kub köküň birinji 
sifridir. Şonuň üçin dogry jogap 63 bolar. Işiň özenine 
oňat düşünmek üçin ýene­de bir mysala seredeliň. Goý, 
19683 san aýdylan bolsun. Onuň ahyrky sifri 3 bo­
landygy üçin, hut köküň ahyrky sifri 7 bolar. Ol sanyň 
ahyrky 3 sifrini çyzyp 19 sany alarys. 19 san 2­niň we 
3­üň kublarynyň arasynda ýerleşýär. Şol sanlaryň kiçi­
si 2, diýmek, gözlenilýän kub kök 27 bolmalydyr.
Okyjylara, tomaşaçylara bu gözbagçylyk täsin gö­
rünýän bolsa­da, ýokary derejeli kökleri almagyň has 
ýeňil usullaryda bar. Olaryň iň ýeňilleriniň birisi 5­nji 
derejeli kök almakdyr, sebäbi islendik san we onuň 
bäşinji derejesi hemişe şol bir sifr bilen tamamlanýar.

Download 1 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   57




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling