B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary


Download 1 Mb.
Pdf ko'rish
bet43/57
Sana31.12.2022
Hajmi1 Mb.
#1073548
1   ...   39   40   41   42   43   44   45   46   ...   57
Bog'liq
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

19. Dokuzlyk we onuň syrlary
Dokuzlyk bilen baglanyşykly gözbagçylyklaryň iň 
ajaýyplarynyň birine seredeliň. Görkezilýän döwrün­
de tomaşaçydan hiç bir zadyň soralmaýandygy bu 
gözbagçylygyň gymmatyny has­da artdyrýar. Käbir 
kynçylyklara seretmezden, oňat türgenleşik geçirilen 
mahalynda, tomaşaçynyň ýatdan bellän sanyny aýan 
etmeklige mümkinçilik tapylýar. Bu gözbagçylygy gör­
kezmekligi aşakdaky ädimler boýunça alyp gitmeli.
1. Siz bir tomaşaçydan 1­den 10­a (10 hem girýär) 
çenli islendik sany ýatdan bellemegi haýyş edýärsiňiz. 
2. Ol sany 3­e köpeltmegi buýurýarsyňyz.
3. Köpeltmek hasylyny 2­ä bölmegi tab şyrýar sy­
ňyz. 
4. Alnan paýda garyşyk sanyň ýa­da bitin sanyň al­
nandygyny anyklamaly bolýar. Ol aşakdaky ýaly ama­
la aşyrylýar: Ahyrky netijäni ýene­de bir gezek 3­e 
kö peltmegi haýyş edersiňiz. Eger tomaşaçy bu ädimi 
çalt ýerine ýetirse, onda netijäniň garyşyk san däldi­
gi belli bolar. Eger tomaşaçy bu ädimi ýerine ýetir­
mekde ikirjiňlense, onda onuň garyşyk san bilen iş 
sa lyşýandygy barada netijä gelmek bolar. Kähalatda 
tomaşaçynyň «Sanyň drob bölegini näme etmeli?» diýip 
soramagy­da mümkindir. Tomaşaçynyň garyşyk san 
alandygyny aňan bolsaňyz şeýle diýip bilersiňiz: «Siz 
garyşyk san aldyňyz, şeýle dälmi? Şol sany uly tarapa 
tegelekläp, bitin san almagyňyzy haýyş edýärin. Mysal 
üçin, eger siz 10,5 alan bolsaňyz, onuň ornuna 11­i alyň. 
Soňra 3­e köpeltmegi amala aşyryň». Eger paý garyşyk 
san bolsa, ýatdan bellemeli «çözgütli san» 1. Eger paý 
bütin san bolsa, hiç zady ýatdan bellemeli däl.


128
5. Öňki görkezmäňize laýyk 3­e köpeldilenden soň, 
tomaşaça täzeden 2­ä bölmekligi tabşyrmaly. 
6. Soňra ýene­de garyşyk sanyň ýa­da bütin sanyň 
emele gelendigini ýokardaky ýaly, anyklamak zerur. 
Eger garyşyk san alnan bolsa, edil öňki ýaly ol sany 
tegeleklemegi tabşyryň hem­de çözgütli san hökmünde 
2­ni ýatdan belläň. Paý bütin san bolsa, hiç zady ýat­
dan bellemeli däl. 

Download 1 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   39   40   41   42   43   44   45   46   ...   57




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling