B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary


Download 1 Mb.
Pdf ko'rish
bet37/57
Sana31.12.2022
Hajmi1 Mb.
#1073548
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   57
Bog'liq
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

6. Üçbelgili sany bilmek
Üçbelgili sany ýatdan belläň. Häzirlikçe onuň soň­
ky iki sifrini taşlaň. Birinji sifri bolsa ikeldip, onuň 
üstüne 5­i goşuň, soňra alnan jemi 5­e köpeldiň, bu 
köpeltmek hasylynyň üstüne ýatdan bellän sanyňyzyň 
ikinji sifrini goşuň we netijäni 10­a köpeldiň. Alnan 
köpeltmek hasylyna ýatdan bellän sanyňyzyň üçünji 
sifrini goşuň we alan netijäňizi maňa aýdyň. Men siziň 
haýsy sany ýatdan bellänligiňizi aýdyp bereýin.
Meselem, goý 387 ýatdan bellenen san bolsun. Ol 
san bilen ýokardaky amallary ýerine ýetireliň. Birin­
ji sifri ikeldeliň: 3⋅2=6. Köpeltmek hasylynyň üstüne 
5­i goşalyň: 6+5=11. Jemi 5­e köpeldeliň: 11 ⋅ 5 = 55. 
Köpeltmek hasylynyň üstüne ýatdan bellän sanymyzyň 
ikinji sifrini goşalyň: 55+8=63. Jemi 10­a köpeldeliň: 
63⋅10=630. Köpeltmek hasylynyň üstüne ýatdan bel­
län sanymyzyň üçünji sifrini goşalyň: 630+7=637. Bu 
alnan netije boýunça gözbagçy ýatdan bellenen sany 
aýdýar. Ol muny nähili edip bilýär?!
7. Nähili edip pozulan sifri bilmeli?
Ýoldaşyňyza köpbelgili islendik sany ýatdan belle­
megi we ol sanyň üstünde aşakdaky amallary ýerine 
ýetirmekligini haýyş ediň:
Ýatdan bellän sanyňyzy ýazyň; 
Ol sanyň sifrleriniň orunlaryny islendik tertipde 
çalşyryň; 
Bu iki sanyň ulusyndan kiçisini aýryň;
Alnan tapawudyň noldan tapawutly bir sifrini po­
zuň;
Galan sifrleri islendik tertipde maňa aýdyň.


117
Jogap edip siz ýoldaşyňyza pozulan sifri aýdýar­
syňyz.
Meselem, goý ýoldaşyňyzyň ýatdan bellän sany 
3857 bolsun we ol aşakdaky hasaplamalary ýerine ýeti­
ripdir diýeliň:
3857;
8735;
8735­3857=4878.
7 sifri çyzyp, ýoldaşyňyz size galan sifrleri aşak­
daky tertipde aýdýar 8,4,8. Şu sifrler arkaly siz pozu­
lan sifri kesgitleýärsiňiz. Onuň üçin siz näme etmeli?

Download 1 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   57




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling