Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet106/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   102   103   104   105   106   107   108   109   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Nalajy garap durandan, 
Namarda boýun burandan, 
Hasratly ömür sürenden 
Ýatmak ýegdir gör biläni. 
(“Ýör biläni”)
Halk arasynda şol bendiň soňky setiriniň “Ýatmak ýegdir mar biläni” 
diýlip aýdylýan ýerlerem bar. Şol setirleriň düýp özeninde halk döredijiliginiň
elementleri ýatyr. Halk arasyndaky “Namarda zar bolandan, gara derýa gark 
bol” diýen nakyly, şahyr döredijilikli ösdürip, “Hasratly ömür sürenden, ýatmak 
ýegdir gör biläni” diýip ulanýar. 
Şahyr “Hatarda iner bolsa, ýük ýerde galmaz” diýen nakyly:
Arwananyň ýüki galmaz, 
Ýola girseň ner biläni.- 


175 
diýip, “Ýör biläni” goşgusynda getirýär. 
Halk arasyndaky rowaýatlaryň birinde: 
…Bir geçi bilen bir möjek dost bolup, günlerde bir gün buzlugyň 
üstünden barýarkalar, ajygan möjegiň: “Geçi dost, tozan turusyp, gözüme tozan 
gapdyrýaň” diýip yrsaraşyndan, “Buz üstünde tozan arama” diýen nakyl 
döredilýär. Magtymguly bu nakyly: 
Dünýä, seniň bu gezekli gerdişiň, 
Gyzyl gandan gyrmyz bolupdyr dişiň… 
Geçi, gurt dostlugna meňzär edişiň, 
Gamly şat olmazmy, aglan gülmezmi?- 
(‘Gelmezmi”) 
diýip ulanýar.
Aýy “dostlugy” Gündogarda giň ýaýran rowaýatlaryň biri. Želaleddin 
Rumynyň “Mesnewi”diwanynda-da bu rowaýat beýan edilýär: şikara çykan 
awçy jülgede bir aždarhanyň aýyny penjesine alyp iýjek bolup durşuny görýär. 
Awçy aždarhany öldürip, aýyny halas edýär. Şondan soň aýy awçynyň 
ýanyndan galmaýar. Dosty awça ýyrtyjy haýwan bilen tirkeşmezligi maslahat 
berýär. Emma awçy dostunyň diýenini etmeýär. Bir gün şikardan ýadap gelen 
awçy gowakda uklap galýar. Onuň ýüzüne bir siňek gonýar. Aýy siňegi kowýar. 
Siňek ýene gonýar. Aýyň gahary gelip, siňegi öldürmek üçin uly daşy awçynyň 
ýüzündäki siňege inderýär. Awçynyň kellesi uly daşyň aşagynda galýar. 
Magtymguly bu rowaýaty goşgy setirlerinde döredijilikli ulanyp, şeýle 
ýazýar: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   102   103   104   105   106   107   108   109   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling