Nowruz geldi bu gije,
Gyzlar atarlar bije.
Kimiň bijesi çyksa,
Baýragy horaz-jüýje.
Oýunda monjugatdylaryň iň oňat nusgalary bilen birlikde, ýaramazrak
mazmunly bentler-de aýdylýar. Eger şeýdilmese, oýun gyzykly bolup bilmez.
Oýun gyzykly alnyp barlanda, her bentden soň, monjuk çykarylanda, gyzlar
gülüşýärler, ýomak atyşýarlar. Maňlaýlaryna gowy mazmunly bentler çykaýsa,
oňa guwanylýar, ýaramazrak mazmuny bentlere gynanylýar.
Monjugatdy oýnunda oňa gatnaşmakdan saklanýanlar hem bolýar. Sebäbi
käbir gyz monjugatdy bentleriniň mazmunyndan çekinýar. Eger ýaramazrak
mazmunly bent çykaýsa, şol mazmuna laýyk bolan ýigit, durmuş-hamana
ýazgydynda bolaýjak ýaly bolup görünýär. Şonuň üçinem şeýle ýazgytdan
howatyr edýär.
Monjugatdy oýnunda Nowruz gijesi bilen baglanyşykly bent düşäýse, ol
gyz özüni bagtly hasaplaýar. Çünki, ol özüne duş geljek ýigidiň bahar pasly
ýaly mylaýym, ýumşak bolmagyny arzuwlaýar.
Monjugatdynyň temasy köptaraplydyr. Esasy temasy söýgi meselesidir.
Söýgi gyzyň erkek doganyna, jigisine ýa-da boýdaşlaryna gönükdirilýär. Şeýle
hem ýigitleriň adamkärçiligi, görk-görmegi, gaýrat-kuwwaty, söýgüsi, isleg-
arzuwy beýan edilýär:
Gyrmyz donuň biçeýin,
Üste teňňe seçeýin.
Atam-enem görmänkä,
Ogryn saňa gaçaýyn.
Päk söýgi hem şeýle wasp edilýär:
Iki öýüň arasy,
Gün görünmez parasy.
Göz görse, göwün söýse,
Asla bolmaz çäresi.
Şu hili bentde göwün söýeniňe ýetmek üçin kynçylykdan gaçmazlyk
öwüt-nesihat edilýär:
Ýar-ỳaryň otagynda,
Saýrar gül pudagynda.
Derlese burçak-burçak,
Ýar-ỳaryň gujagynda.
Şu bentde täze çatynjalaryň agzybirlikde ýaşamagyna, biri-biriniň
sarpasyny tutmaklyga çagyrylýar.
Monjugatdyda bentleriň ýaňsylama, tankydy görnüşinde düzülenleri-de
bar. Azda-kände duş gelýän gaýratsyzlyk, ýalançylyk, wepasyzlyk, horanlyk,
açgözlülik ýaly nogsanlyklar tankyt edilýär:
31
Do'stlaringiz bilan baham: |