Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet16/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Erik üstünde bişer, 
 
 
 
Alma düýbüne düşer. 
 
 
 
Meniň eziz doganma, 
 
 
 
Gyzyň ýagşysy duşar. 
Gyzlar ata-eneleri bilen her bir zat barada maslahatlaşmakdan çekinendigi 
üçin, gelnejesini ähli hossaryndan ýakyn görüp, gizlin syryny onuň bilen 
paýlaşypdyr. Goldaw-delalat isläpdir. Gelnejesi-de öz baldyzyna kömek 
beripdir. Gyzyň tolgundyrýan zatlar barada gelnejesi bilen maslahatlaşmagy 
tötänden däl. Sebäbi gelnejesi hem şol gyzyň ýagdaýyny bir wagt öz başyndan 
geçiripdir. Gyz gelnejesine ýüzlenip, şeýle diýýär: 
Ýapa-ýapa ýaz ýagşy, 
 
 
 
Ýagar boldy, ýeňňe jan. 
 
 
 
Ýapynjasyz ýaş oglan, 
 
 
 
Buýar boldy, ýeňňe jan. 
Gelnejesi-de jogap berýär: 


28 
Ýapa-ýapa ýaz ýagşy, 
 
 
 
Ýagsa ýagsyn, baldyzym. 
 
 
 
Ýapynjasyz ýaş oglan, 
 
 
 
Öýe girsin, baldyzym. 
Gyzlaryň aýal doganyna, boýdaşlaryna bagyşlan läleleri gelnejesine 
bagyşlanylanlar bilen many taýdan meňzeşdir. Emma läleleriň aýal doganyna, 
boýdaşlaryna degişlilerinde köplenç aýralykdan zeýrenilipdir. Salam ýollap, 
habarlaşmak islenilýär: 
Ilerimiz dagmydyr, 
 
 
 
Üsti kese bagmydyr. 
 
 
 
Uçup barýan ak guşlar, 
 
 
 
Meniň joram sagmydyr. 
Läleleriň köpüsi diýen ýaly söýgä bagyşlanylýar. Gyzlar näzik duýgusyny 
çuň manyly lälelerinde duýdurýar. Söýgä wepalylyk, päk ýüreklilik wasp 
edilýär: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling