Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet12/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Çar tarapdan dost gelsin, 
Toýdur bu gün, leeran. 
Ýa-da 
Iller mübärek etse, 
Toýdur bu gün,ýar-ýar.- 
 
diýlip, toý aýdymlarynda aýdylýar.


24 
Dowam edip gelen däbe görä, gyzy we ýigidi synlaýarlar. Ýigit
synlanylanda, görk-görmegi, oturyp-turşy, ata-enesiniň oňşugy, ýaşaýsy gözden 
geçirilýär. Şu meselede öleňler degişme äheňinde döredilipdir:
Toýhananyň oduny, 
Tal bolmasyn, ýar-ýar. 
Körekeniň bajysy
Ýamandamak, ýar-ýar. 
Toý aýdymlary degişme äheňinde aýdylanda, biraz utandyrmak
tolgundyrmak, toýa gelenleri gülüşdirmek, şowhunlandyrmak maksat edinilýär. 
Guda taraplarynyň arasynda hem degişme, söz bäsdeşligi dowam edipdir. 
Gudalaryň adyndan dili çeper, dilewar adamlar degişme toý aýdymlaryny 
aýdypdyr: 
Ýa bolmasa ýüzleri, 
Bagyrmydyr, ýar-ýar
Uşbi gyzyň ýeňňesi
Sygyrmydyr, ýar-ýar.
Geçmişde söýgüsiz nika az bolmandy. Toý aýdymlarynda gyz tarapyndan 
närazylyk bildirilipdi: 
Asmandaky ýyldyzy
Atan atam, ýar-ýar. 
Öz gyzyny ýat ýere, 
Satan atam, ýar-ýar.
Gyzlar durmuşa çykanda närazylyk bildirmegi, gynanyp aglamagy ata-
enesini, hossarlaryny sylaýandygy, olardan aýrylmaly pursadyň gelendigine 
gynanýandygy bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi gyz öz ýaşlygyny geçiren 
mähriban öýünden, deň-duşlaryndan, galyberse-de ata-enesinden aýrylyp, başga 
maşgala düşjekdigine gynanýar. Şeýle ýagdaýda gyza göwünlik berilýär: 
Aglama gyz, aglama, 
Toý seniňki, ýar-ýar. 
Bosagasy altyndan, 
Öý seniňki, ýar-ýar
Durmuşa çykarylýan gyzy gelnalyjylar alyp ugranda, diňe gyz däl, eýsem 
onuň ejesi hem aglaýar. Toý aýdymlarynda beýan edilişine görä, gyzyň ejesi 
aglamasa, geň hem görlüpdir:

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling