Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet15/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Gyzlar daga çykalyň, 
 
 
 
Gülüp-oýnap bökeliň. 
 
 
 
Derdi egismek üçin, 
 
 
 
Geliň, läle kakalyň!-
diýen setirler munuň şeýledigini subut edýär. 
Läleler öz aýdylyş usullary taýdan birmeňzeş däldir. Eger-de, läleleriň 
käbir bendi başam barmak bilen damaga çalaja kakylyp aýdylýan bolsa, birnäçe 
bentleri eginleri, aýaklary bilen läleleriň heňine laýyklykda, hereket arkaly 
ýerine ýetirilýär. Käbir bentler bolsa barmaklar dodaga, eňege kakylyp 


27 
aýdylýar. Şonuň üçin hem olar damak lälesi, dodak lälesi, eňek lälesi, hymmyl 
lälesi ýaly görnüşlere bölünýär. Gelin-gyzlaryň hymmyl lälesinde (egin, aýak, 
el hereketiniň utgaşmagy) milli tansyň käbir görnüşi duýulýar.
Ozalky döwürde onçakly köp bolmasa-da, zähmet ýagdaýyny görkezýän 
aýry-aýry läleler döredilipdir. Olarda geçmişde türkmen halkynyň durmuşynda 
uly orun tutan maldarçylyk, ekerançylyk öz yzyny galdyrypdyr:
Çykdym dagyň pessine, 
 
 
 
Dogan gördüm dessine. 
 
 
 
Dogan orak orýança, 
 
 
 
Saýa boldum üstüne.
Ýa-da 
 Gaýra-gaýra bakar men, 
 
 
 
 Sary gawun eker men. 
Türkmen gelin-gyzlary maşgalada el işlerieri bilen meşgullanypdyr. Olar 
berkligi, owadanlygy bilen tapawutlanýan haly, palas, kilim dokapdyrlar:
 Gaýra-gaýra bakar men, 
 
 
 
 Dokma-darak kakar men. 
Ýa-da 
Inçe egrip ýüplügi, 
Ýarymyň köýnekligi.-
diýen ýaly setirlerde dokma-darak kakylyşy, ýüpek egrip, tara dokalyşy beýan 
edilýär. 
Gyzlar läleleriň köpüsini doganyna, gelnejesine, boýdaşlaryna, ata-
enesine bagyşlapdyr. Läle bentlerinde doganyna, gelnejesine bolan söýgüsi, 
birek-birege söýgi, sylag-hormat beýan edilýär. Gyzlaryň erkek doganyna 
bagyşlan lälelerinde, olaryň batyr ýigit bolup ýetişmegi, öz halanyna öýlenip, 
bagtly ýaşamagy arzuw edilýär: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling