34
Ogluň oglna ýeteýin.
Sen gül bolup ýetişseň,
Men saýaňda ýataýyn.
Hüwdi, balam, huwwa-huw,
Hüwdülesin enesi.
Çaganyň ejesiniň hüwdüsinde hem özboluşlylyk duýulýar:
Allaý-allaý, janym sen,
Köýnek biçsem, ýanym sen,
Toýda tumar bagym sen,
Günde gülüstanym sen.
Hüwdüleriň ikinji topary çaganyň ýaş aýratynlygy bilen
baglanyşyklydyr. Bu topardaky hüwdi bentleri çagany güýmemek
maksady
bilen aýdylýar. Hüwdi bentleri çagalaryň dürli hereketinde, dil açyp ugran,
durak-durak wagtynda, ele alnyp, hopba edilip göterilýän döwründe
aýdylýar.Bentlerde köplenç çagalarda päklige, arassalyga, zähmete bolan
meýilleri ösdürmek bilen baglanyşykly arzuwlar edilýär. Halk arasynda
hüwdüleriň bu toparyna çaga
söýgüsi hem diýilýär:
Dagdan dişli daragym,
Arkadagym, geregim.
Şu balamy söýmesem,
Çatlap barýar ýüregim.
Hüwdüleriň mazmunyndan olaryň gyza ýa-da oglana degişlidigi derrew
aýan bolýar. Oglanlaryň edermen, batyr, mergen, gerçek ýigit bolup ýetişmegi
arzuw edilýär. Gyzlaryň eliniň işli, çeper, bagtly bolmagy islenilýär:
Meniň jigim gül ýaly,
Do'stlaringiz bilan baham: