35
Çagalaryň mergen bolup ýetişmegi-de arzuw edilýär. Awçylyk-
mergençilik halk döredijiliginiň beýleki žanrlaryna garanda, hüwdülerde has
giň beýan edilýär. Şeýle temanyň Watan goragy üçin harby hünärleriň wagyz
edilmeginde ähmiýeti uly. Hüwdi bentlerinde çagalar watançylyk-
gahrymançylyk ruhunda terbiýelenilýär. Watançylyk bilen baglanyşykda hüwdi
bentlerinde at meselesem gozgalýar:
Meniň jigim yşansyn,
Turup, bilin guşansyn.
Müň tümenlik aty bar,
Duşman ondan üýşensin.
Hüwdi bentlerinde geljekde ýakyn garyndaşlary bilen saçakly gatnaşmak
hem arzuw edilýär:
Goltugy giň saçakly,
Mamasy gelsin toýna.
Boýny öýme seçekli,
Daýzasy gelsin toýna,
Alagöz giň gujakly,
Ýeňňesi gelsin toýna.
Çaga sallançagy adamzat durmuşyna dahylly bolup, türkmeniň
ýaşaýşynda özge halklaryňka meňzemeýän orny bar. Sallançak çaganyň rahat
ýatmagy, sagdyn ösmegi üçin zerur bolup durýar.
Sallançak diňe çagalaryň däl, hatda garry adamlaryň-da göwresine
rahatlyk, janyna aram-teselli berýär. Gadym döwürlerde gaty garran adamlar-da
sallançaga salnyp:
Saňa kuwwat diläýin,
Do'stlaringiz bilan baham: