Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet26/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Haýrany haýran etjek
Jahany seýran etjek
Gerek bolsa Watanma
Janymy gurban etjek. 


38 
Küştdepdiniň şu bendinde Watana çüňňur söýgi bildirilýän bolsa, 
Gözeliň görki gerek
Özüne erki gerek, 
Öz dostumyň toýunda
Şadyýan gülki gerek.- 
-diýen bentde dostluga sarpa goýulýar. 
Halk döredijiliginiň şahyrana toparynyň beýleki žanrlarynda bolşy ýaly,
küştdepdilerde-de söýgi meselesi giň orun alýar: 
Bir şahada iki alma, 
Men almasam, sen alma, 
Eger söýýäniň çyn bolsa
Men gaýdamda sen galma
Küştdepdiler, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, köplenç şadyýan mazmunly 
bentlerdir. Olarda gaýgy-gussaly bentler aýdylmaýar diýen ýalydyr. Onuň hem 
sebäbi küştdepdileriň toý-dabara, şagalaň üçin döredilenligidir, olara şowhun 
bermek üçin ýerine ýetirilýänligidir. 
Küştdepdiler dört setirli bentler bolup, köplenç rubagy (aaba) görnüşinde 
kapyýalaşýar. Olarda esasy mazmun üçünji we dördünji setirlerde jemlenýär. 
Başky iki setir mazmunyň düşündirişi ýa-da ony aýtmaga taýynlyk bolup 
hyzmat edýär. 
Küştdepdileriň dili ýeňil, akgynly, ýatda galyjy. Lälelerdäki ýaly, olarda-
da dürli çeperçilik serişdeleri, dürli aňlatmalar köp gabat gelýär. Şeýlelikde, 
türkmen toýlaryna millilik ruhuny berýär. 
Küştdepdiler Garaşsyzlyk ýyllarynda kämilleşdi we tema taýyndan 
baýlaşdy. Olaryň ýerine ýetirilýän ýerleriniň çägi giňedi. Ozallar döwletimiziň 
diňe günbatar etraplarynda ýerine ýetirilen bolsa, häzirki wagtda küştdepdiler 
ýurdumyzyň ähli etraplaryna-da ýaýrady. Olar baýramçylyk günlerinde, toý-
tomaşalarda, hasyl toýlarynda ýerine ýetirilýär. 
Garaşsyzlyk döwründe küştdepdi bentlerini toplap neşir etmäge-de üns 
berilýär. 1998-nji ýylda küştdepdileriň 1971-nji ýyldaky neşiriniň üsti 
doldyrylyp täzeden çap edildi. 
Sanawaçlar 
Sanawaçlar goşgy formasynda uly bolmadyk şygyrlar, gepleşikler, 
sahnajyklar görnüşinde döredilýär.Olarda belli bir ideýa giň hem-de 
hertaraplaýyn beýan edilmeýär.Sanawaçlar çagalar üçin ulular tarapyndan 
döredilen, dilden aýdylýan, çagalaryň özleri tarapyndan ýerine ýetirilýän 
žanrdyr.Alymlaryň bir topary olary din bilen baglanyşdyrsa, başga bir topary 
pal atmak bilen hem baglanyşdyrýar. 


39 
Sanawaçlara – oýun sanawaçlary hem diýilýär. Olar galapyn çagalar oýny 
bilen baglanyşyklydyr.Sanawaçlar halk döredijiliginiň kiçi (ownuk) žanrlarynyň 
biri. Halk döredijiliginiň bu žanrynyň adalgasy “Sanamak” sözünden bolup, 
tekstäki bentleri ýüzugra sanap çykmagy-aýtmagy aňladýar. 
Sanawaçlar, esasan, çagalaryň ýetginjeklik döwrüne çenli döredilen 
setirlerdir.Olar kiçi hem uly ýaşly çagalaryň arasynda aýdylýan sadaja 
şygyrlardyr. 
Sanawaçlar göwrümi taýyndan uly hem kiçi bolup bilýärler. Az setirli 
gysgajyk sanawaçlar ýaş çagalara, göwrümi uly sanawaçlar uly ýaşly çagalara 
niýetlenilýär.Sanawaçlaryň köpçülik bolup ýerine ýetirilýäni-de bar. Käbiri 
bolsa ikibir-ikibir bolnup ýa-da ýekelikde ýerine ýetirilýär. 
Sanawaçlar çagalar folkloryna degişli bolup, diliniň sada, ýatda 
galyjylygy bilen tapawutlanýar: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling