47
Şu gara ýeri tokmaklamaly, tokmaklamasaň-da
tokmaklamaly.tokmaklasaň-da tokmaklamaly.
O Tejen, bu Tejen – künjülije Tejen, künjüsi
çüteje bitenje Tejen.
Ýaňyltmaçlaryň dörän döwrüni, haýsy döwre degişlidigini
subut etmek
kyn. Sebäbi olar giň manyny, uly mazmuny öz içine almaýar, durmuş
hadysalary bilen baglanyşykly döredilmeýär.
Ýaňyltmaçlar köplenç kyssada döredilýär. Emma käbir
tekstlerde setirler
kapyýalaşýar we şygyrýete ýakynlaşýar:
Sekin dagyň başynda,
Sakgaly sekil teke dur,
Sakgalyny suwa batyryp,
Silkip, sykyp bakadur.
Ýaňyltmaçlar köplenç üýşmeleňlerde, çagalar hem ýaş ýetginjekler
bilen
geçirilýän köpçülik işlerinde, agşam bir ýere ýygnanyşanlarynda aýdylýar.
Ýaňyltmaçlaryñ tekstlerindäki sözler säginmezden çalt aýdylmaly.
Çaganyň ýaşyna görä, sözler ilkibaşda möçber taýdan
gysga bolup, iki-üç
sözlemden, käbiri bir sözlemden ybaratdyr.
Ýaňyltmaçlar köplenç çagalara niýetlenilýär. Olara ýaňyltmaç aýtmak
kiçi ýaşdan öwredilip başlanýar. Çagalar ulaldygyça ýaňyltmaçlaryň çylşyrymly
görnüşlerini aýtmaga türgenleşýär.
Ýaňyltmaçlary ýetginjekler hem aýdýarlar. Ýöne welin olaryň aýdýan
ýaňyltmaçlarynyñ göwrümi uly bolmalydyr. Çagalaryň ýaşyna görä sanawaç
ýañyltmaçlarynyň tekstleriniň agyrlaşmagy ýaşlaryň sözleýiş endiginiň kem-
kemden türgenleşmegine ýardam edýär.
Ýomaklar
Ýomaklar-degişmeler halk döredijiliginiň çaklaňja žanrlarynyň biridir.
Ýomak – ýiti sözli degişme, ýiti sözli aýdyşyk, şorta sözdür.
Ýomaklar hemişe diýen ýaly toý-tomaşada, oturylyşyklarda gepe, ýomaga
ökde iki adamyň garşyma-garşy aýdyşmagy bilen başlanýar. Ýomagyň
esasy
aýratynlygy – köp oýlanyp oturmazdan, garşydaşyňa jogap hökmünde
“şerebeli” sözleri tapmakdyr.
Ýomaklar ýaş ýetginjekleriň arasynda meşhurdyr. Biri-birini oňat
tanaýan, deň-duş adamlaryň arasynda-da ýomak atyşylýar.
Ýomaklar şahsyýeti masgaralamak, üstünden gülmek üçin ulanylmaýar.
Onuň esasy maksady degişmek, gülüşmek, çeper söze türgenleşmek, wagtyňy
gyzykly geçirmekdir. Söz tapyjylyk, synçylyk, gepe çeperçilikde garşydaşyňdan
üstün çykyp, gülki-şatlyk döretmekdir. Olar oýun –degişmelerdir. Has takygy,
iki adamyň arasyndaky söz bäsleşigidir.
48
Ýomaklar bir zady beýleki bir zada meňzetmek esasynda döredilýär hem-
de gysgadan manyly düzülýär. Meňzedilýän zat durmuşda hili-şindi göze ilip
duran zatdyr.
Yomaklar köplenç sorag hem habar sözlemlerini özünde birleşdirýän
goşma sözlemlerden düzülýär. Başky sözlemde sorag, ikinji sözlemde hem oňa
jogap berilýar:
Do'stlaringiz bilan baham: