Burnuň nähili, ýerçilim ýaly.
Şu mysaldan görnüşi ýaly, başky sözlemde “Burnuň nähili?” diýlip sorag
berilýar, ikinji sözlemde hem oňa “ Ýerçilim ýaly” diýlip jogap berilýär.
Ýomaklaryň soragsyz düzülen usulyna-da gabat gelinýär:
Dodagyň gursun, sowuk alan soganyň daşy
ýaly.
Şu ýerde sorag berilmezden, dodak meňzetme arkaly häsiýetlendirilýär.
Iki adam garşyma-garşy oturyp ýomak atyşýar. Birinji ýomakçy: “Gözüň
nähili – çakgyň çüýi ýaly” diýip aýtsa, ikinji ýomakçy hem oňa: “Gözüň nähili
– çala gaçan çör ýaly”diýýär. Her bir ýomak atyşma bir tema boýunça
döredilýär.
Ýomaklaryň birnäçe görnüşi bar:
1.Adamyň daş-görnüşi, keşbi bilen baglanyşykly ýomaklar:
Agzyň nähili, ýyrtylan ýanlyk ýaly.
Boýnuň nähili, almanyň sapagy ýaly.
Ýüzüň nähili, petir çöregiň ýüzi ýaly.
Kelläň nähili, kesek gysan gawun ýaly.
Dişiň nähili, ýyl aşan süňk ýaly.
Injigiň nähili, gyzylinjigiň aýagy ýaly.
2.Gylyk-häsiýet, adamyň özüni alyp barşy, işleýşi bilen baglanyşykly
ýomaklar:
Ýüzüň nähili, bazardan gaýdan öküziň ýüzi ýaly.
Sesiň nähili, turbadan çykýan ses ýaly.
Bolup durşuň nähili, gawunçynyň garantgasy ýaly.
Oturşyň nähili, doňňara daş ýaly.
Haýwatyň nähili, zemzeniň haýwaty ýaly.
Çörek iýşiň nähili, üç günüň ajy ýaly.
Işleýşiň nähili, hassalykdan galan ýaly.
Ýörişiň nähili, ýaňy aýak biten ýaly.
Bolup barşyň nähili, atylan sapan ýaly.
Sesiň nähili, göçden galan itiň sesi ýaly.
3.Adamyň egin-eşigi bilen baglanyşykly ýomaklar:
Telpegiň nähili, towugyň maslygy ýaly.
Tahýaň nähili, ýag golçasynyň dykysy ýaly.
49
Do'stlaringiz bilan baham: |