Gargyşym daşlarny mum deý erider,
Pür-pudak ýaýradar alkyş kylanym.-
diýip ýazýar.
Magtymguly Pyragy ýene şeýle diýip nygtaýar:
Ömri-saly artar alkyş alanyň,
Gargyş galyndyrmaz, ýaşy syndyrar.
Şu şygyr setirlerinden mälim bolşy ýaly, alkyş-dilegleriň halk
durmuşyndaky ornuna uly ähmiýet berilýär.
Gyz çykarylanda, ogul öýerilende, çaga doglanda, maşgalada ýüze çykýan
dürli dabaralarda şygyr derejesine çenli ýeten çeper alkyş-dilegler-de halk
durmuşyna ornaşdy.
Gyz maşgala durmuşa çykandaky alkyş-dilegler:
Baran ýeriňde bagtyň bolsun,
Tylladan tagtyň bolsun,
Tylladan tagtyň bolunça,
Iki barmak bagtyň bolsun.
Baran ýeriňde ýer tap,
Aýagyň ýer tutsun.
Gelin edilendäki alkyş-dilegler:
Ulyny uly bilgin,
Kiçini kiçi bilgin,
Ýüzüň aşak bolsun,
Göwnüň açyk bolsun!
Ogul doglandaky alkyş-dilegler:
Gurt tutupsyňyz, at tutarly, at çaparly,
öý dikerli, döwletbaşyly bolupsyňyz, uzak ýaşy,
akyl-huşy bilen, “berdim” diýip berildigi bolsun!
Gyz doglandaky alkyş-dilegler:
Don biçerli, keşde çekerli, haly dokarly bolupsyňyz,
hern-ä Hudaý, “berdim” diýip berildigi bolsun, uzak ýaşy
bilen berlen bolsun-da hern-ä!
Din bilen baglanyşykly alkyş-dileglerde Biribara dilegler edilýär,
tagamyň hormatyna töwür galdyrylýar. Adamlara hem alkyşlar okalýar. Alkyş-
dilegleriň ählisinde-de rysgal-döwlet, agzybirlik, il abadançylygy, ýurt
parahatçylygy, jan saglygy, uzak ýaş dilenilýär:
Bissimillahi rahman-rahym,
Haýru – bereket,
Bereketiň gamyn et,
Bagt ber, tagt ber,
Do'stlaringiz bilan baham: |