Hojamyrat Goçmyradow
Köýnegiň nähili, çyraň peltesi ýaly
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Köýnegiň nähili, çyraň peltesi ýaly.
Aýagyňdaky ädigiň nähili, kündeli ýaly. Ýomaklarda dürli meňzetmeler, ýaňsylamalar getirilýär. Emma onuň üçin adamyň daş-görnüşiniň, gylyk-häsiýetiniň, gepleýşiniň, işleýşiniň ýomaklarda görkezilişi ýaly bolmagy hökman däldir Ýomaklar iki adamyň söz bäsleşigini geçirmekde, çeper eserlerde meňzetme hökmünde ulanmakda oňaýlydyr Ýomaklar dili baýlaşdyrýar, pikiriň täsirli bolmagyna ýardam berýär. Ýaş ýetginjekde dilewarlygy, ugurtapyjylyk ukyby taplaýar. Ýomaklary toplap, olary öwrenmegiň ähmiýeti uly. Ýomaklaryň ýörite ýygyndysy “Ýomaklar we degişmeler’ ady bilen 1964-nji ýylda neşir edildi. Alkyş-dilegler Halk döredijiligi – adamzat ahlagynyň iň ýokary nusgalaryny özünde jemleýän tükeniksiz ruhy baýlykdyr. Halky eserleriň üsti bilen däp-dessurlar, adamkärçilik sypatlary şu döwre ýetirildi. Emma ýurt Garaşsyzlygyna çenli din bilen baglanyşykly halky eserler öwrenilmedi. Şeýle eserleriň biri hem alkyş – dilegler, doga – töwürlerdir. Alkyş – biriniň eden ýagşylygy üçin aýdylýan söz. Ýagşylyk üçin alkyş okalýar, alkyşlanylýar. Alkyşlamak hususy ýa-da il bähbitli häsiýetde bolýar. Dileg – adamyň isleg-arzuwydyr. Dileg diňe gowy hem-de ýagşy häsiýetde bolýar. Türkmenler milli häsiýetine görä, ýaman dileg etmeýär. Alkyş-dilegler ruhubelentligiň çeşmesidir. Olar adamlary ýagşylyga, haýyr işler bilen meşgullanmaga, ýaramaz endiklerden saplanmaga çagyrýar. Alkyş-dilegler adam ömrüniň uzalmagyna, tutumly işiniň şowly bolmagyna, ruhubelent ýaşamagyna täsirini ýetirýar. Alkyş-dilegler, doga-töwürler halky eserleriň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Olar adamlar ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanyp başlan döwürlerinde ýüze çykypdyr. Ekin ekende, awa gidende biri-birine gowy dilegleri edipdir. Awa ugrap barýan awça: “Awuň ganly bolsun” diýlipdir. Ol hem “Awum janly” diýip, tüpeňini gazanyň içine aýlapdyr. Bu onuň “Awum şowly bolsun” diýip, yrym etdigi ekeni. Ekin ekip başlanlarynda, “Tohumyň müňlesin”, hasyl alanlarynda, “Harmanyňa bereket” diýen ýaly ýagşy niýetler edilipdir. Dileg edilýänler hem öz gezeginde “Ömrüňe bereket”, “Aýdanyň gelsin”, “Taňryýalkasyn, hern-ä şeýle bolsun-da” diýip jogap beripdir. Alkyş-dilegleriň irki sadaja görnüşleri orta asyrlaryň gadymy şäherjiklerinden tapylan gap-gaçlaryň ýüzünde-de gabat gelýär. 50 Şol gap-gaçlarda: “Şu gapda nahar iýeniň işdäsi açyk bolsun”, “Bereketli bolsun”, “Şu gabyň eýesi uzak ýaşasyn” diýen ýaly dilegler ýazylypdyr. Soňky döwürdäki alkyş-dilegler timarlanyp kämilleşýär. Aň-düşünje ösdügiçe, kämil halky eserler döreýär. “Ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň hak bolsun”, “Alnyňy hak açsyn”, “Alnyňyzdan ak gün dogsun”, “Alla beren umydyň üzülmesin”, “Taňryň ýakan çyragy öçmesin” diýen ýaly dilegler döredilýär. Alkyş-dilegler soňabaka şygyr setirlerinde-de gabat gelýär: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling