Şaman ot,
Boldum şat.
Parlap üstüňden bökdüm,
Zarlap günämi dökdüm,
Sygyndym saňa zarlap,
Goýmagyn meni harlap,
Uzak ýaşat ýaşymy,
Ýetir rysgal-aşymy.
Alkyş-dilegleriň köpüsi ýurdumyza yslam dini aralaşansoň döräpdir.
Keramatly Gurhanyň her bir süresinde diýen ýaly Allatagalanyň adyna dilegler
bar. Halk süreleri, aýatlary doga-töwürde okap gelýär.
Beýik Biribardan dileg edenlerinde, öz alkyş-dilegleriniň Allatagala
tarapyndan kabul ediljekdigine umyt bildirilýär. Sebäbi “Ýagşy niýetli, pes pälli
adamlaryň, agzy dogaly, arassa, halal adamlaryň dilegleri gudratly Taňrynyň
dergähinde kabul bolarmyş” diýen ynam-ynanç ýaşap gelýär.
Türkmeniň alkyş-dilegleri halk döredijilik eserlerine-de siňdirilýär.
“Gorkut ata” eposynda her boýuň yzynda Gorkut ata çagyrylýar. Ol öz iliniň
edermen ýigitlerine alkyş-dileg edýär. Şol alkyş-dilegler häzirki döwürde hem
ähmiýetini ýitirenok:
Ýom bereýin, hanym, ýerli gara daglaryň ýykylmasyn,
kölegeli agaçlaryň kesilmesin, görkli akar suwuň
guramasyn, ganatlaryň ujy gyrylmasyn.
Bu dilegleriň näsaga em-ýom eden ýaly peýdasy uly bolupdyr.
“Gorkut ata” eposynyň “Dirse han ogly Bugaç han boýny beýan eder”
diýen boýunda Dirse hanyň aýalynyň maslahaty bilen açlary doýrandygy,
ýalaňaja don berendigi, borçlulary bergi borjundan gutarandygy, nahardan soň
el göterilendigi, hajat dilenendigi, onsoň bir agzy dogalynyň dilegi bilen
Allatagalanyň bir ogul berendigi aýdylýar. Eposda şeýle mysallar başga-da köp.
Halk arasynda “Ýagmyr bilen ýer gögär, alkyş bilen är gögär” diýen
pähim bar. “Gargyş alan baýnamaz” diýen ynanç hem halkyň aňyna berk
ornaşypdyr.
“Görogly” eposynda, dessanlarda bolşy ýaly, klassyk şahyrlayň
eserlerinde-de alkyş-dileglere gabat gelmek bolýar.
Magtymguly Pyragy:
51
Do'stlaringiz bilan baham: |