Janym bagym,
Goýunlar nirede?
Otluk dagda.
Näme iýýär?
Ot iýýär.
Näme içýär?
Suw içýär. we ş.m.
(“Bagym-bagym”)
Sanawaç sanalansoň, iki sany ýetginjek el tutuşyp ýa-da ellerini çilşirip,
goýun kökerilen ýaly bolup durýar. Beýleki ýetginjekler olaryň elleriniň
aşagyndan sümülip geçýär. Soňra ýetginjekleriň tahýalary bir ýerde üýşürilýär.
Ýetgijekleriň gözleri daňylyp, üýşürilen tahýalaryň ýanyna eltilýär. Tahýasyny
tanamadyk ýa-da tahýasyny çalşyp alana tans edip bermek buýulýar.
“Aýterek-Günterek” köp ýaýran oýunlayň biridir. Oýun iki topara bölünip
oýnalýar. Her toparyň arasy 25-30 metrdir. Bir toparyň wekili garşydaşyna
garap sanawajyny sanaýar:
Aýterek-Günterek,
Bizden size kim gerek!
Saýrap duran dil gerek.
Dillerden haýsy gerek!
Bize Maýsajyk gerek.
Garşydaş toparyň wekili ylgap baryp, duranlaryň iki sanysynyiň
arasyndan geçmeli. Eger ellerini kesip geçip bilse, ol öz ýany bilen ady tutulany
alyp gaýdýar. Eger ellerini kesip geçip bilmese, onuň özi şol hatarda durmaly
bolýar.
“Aýterek-Günterek” oýun sanawajynda bolşy ýaly, kiçi ýaşly çagalaryň-
da sanawaçlarynyň käbiriniň (“Herek maýa münjekmi?) özi oýun bolup durýar.
Bu oýunda başdanaýak sanawaç sanalýar. Bulardan başga-da, hekaýat-waka
görkezilýän (“Hapyz agam”), sowal-jogap şekilinde döredilen (“Buşlugyma
näm berjek?”, “Ýaranym”) oýun sanawaçlarynyň uly ähmiýeti bar.
Türkmenleriň “Bukuldym”, “Görüpgaçdy”, “Çilik”, “Ortada durmak”
ýaly milli oýunlarynda, ilkibaşda “eşekçini” bellemek, oýnuň soňunda
utulany “jezalandyrmak” üçin sanawaçlar ulanylýar:
42
Halalaň- hapbaň,
Güleleň-güpbeň,
Yaryl-böwsül,
Do'stlaringiz bilan baham: |