Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Ýok meniň zynat-nyşanym, Balkan degresi mekanym.- diýlip, Balkan töwerekleri ýatlanylýar. Eposyň Stawropol türkmenleriniň arasyna ýaýran nusgasynda Gürgen bilen Amyderýanyň ady tutulýar. Göroglynyň atasy Jygaly- beg agtygy Göroglyny, Öwez we Hasan ogullaryny Günorta-Günbatar Türkmenistanda terbiýeläp ýetişdirýär. Hazar geňzi, Weýeňňam ýurdy, Madaw, Maşady- Misserian atlary Türkmenistan bilen baglanyşyklydyr.Türk soltany hökmünde öňe sürlen Hüňkäriň ýurdy-da Eýrandyr –diýlip çaklanylýar. “Görogly” eposy düzülişi taýyndan birnäçe şahadan, dessandan ybarat bolup, halkyň taryhyndan söhbet açýan iri göwrümli eserdir. Geçen asyrlarda- 125 da, häzirki döwürde-de bu epos özüniň taryhylygy, gahrymançylygy bilen alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Türkmen “Göroglysyny” öwrenmekde ilkinji edilen işleriň biri hem eposyň birnäçe şahasynyň polýak syýahatçysy hem-de Gündogary öwreniji A. Hodzko- Boreýko tarapyndan iňlis diline geçirilip, 1842-nji ýylda Londonda çap edilmegidir. Ol özüniň Gündogara syýahaty döwründe bu ajaýyp ýadygärligi ýazyp alýar, derňeýär we düşündirişler bilen üpjün edýär. Munuň özi “Görogly” eposynyň dünýä ýüzüne ýaýramagyndaky ilkinji synanyşyklaryň biridir. Eposdan bölekler 1842-1843-nji ýyllarda ilkinji gezek fransuz diline hem terjime edilýär. Bu neşir kyssa ýadygärligine aýratyn gyzyklanan fransuz ýazyjysy Ž.Sand tarapyndan amala aşyrylýar. Ol Göroglyny taryhy şahsyýet hasaplap, ony ýönekeý halky ýürekden söýen, göçüp-gonup ýörenleriň napolýony diýip atlandyrýar. “Görogly” eposyndan bölekleri soňra fransuz A.Brgole hem terjime edýär. Terjimäniň bu nusgasy S. Renn tarapyndan rus diline geçirilip “Kawkaz” gazetinde çap edilýär. Eposdan edilen bölekleýin terjimeler soňra eseri düýpli hem ginişleýin öwrenmäge ýol açýar. Alymlar A.N. Samoýlowiç, Ýu.E. Bertels, W. M. Žirmunskiý, H.T. Zarifow, E.M. Meletinskiý eposy öwrenmäge uly goşant goşdular. W.M.Žirmunskiniň we H.T.Zarifowyň “Özbek halk gahrymançylyk eposy” (“Uzbekskiý narodnyý geroiçeskiý epos”- M.1947g.) diýen ylmy işinde Göroglynyň esasan özbek nusgasy derňelse-de, onuň beýleki halklardaky nusgalary hakynda-da käbir pikirler ýöredilýär. Eposyň Merkezi Aziýa nusgalaryny deňeşdirip, awtorlar kyssa hekaýatlarynyň umumy ösüşinde hem ýaýraýşynda ýeke-täk merkeziň, belki-de Türkmenistan bolandygyny çaklaýarlar. Munuň özi “Göroglynyň” özbek nusgasynyň hut türkmen nusgasy esasynda dörändigine hem kämilleşendigine şübhe goýmaýar.Alymlar “Göroglynyň”türkmen nusgasynyň eposyň Orta Aziýa nusgalarynyň döremegine-de täsiriniň ýetendigini tassyklaýar. “Özbek halk gahrymançylyk eposy” kitabynda Görogly hakynda gyzykly maglumatlar berilýär, dessançylyk däbiniň aýry-aýry häsiýetli taraplary barada- da aýdylýar. XV1 asyrdan başlap türkmen we özbek edebiýatynda epiki žanryň (dessanyň) ep-esli orun tutandygy, olaryň ençemesiniň sýužetiniň esasynda ertekileriň,rowaýatlaryň ýatandygy bellenilýär. Şunuň bilen birlikde,olar türkmen gahrymançylyk eposynyň ähli bagşy nusgalaryny ýazyp almagyň, olary hemmetaraplaýyn öwrenmegiň zerurdygyny nygtaýarlar. Kitapda folkloryň we ýazuwly edebiýatyň biri-birine gatnaşygy, olaryň özara baglanyşygy derňelýär. Bu ylmy işde “Manas”, “Alpamyş”,”Gorkut ata” eposlarynyň döremeginde-de folklor eserleriniň tutýan orny barada-da gymmatly pikirler öňe sürülýär. 126 W.M.Žirmunskiý “Halk gahrymançylyk eposy” (“Narodnyý geroiçeskiý epos”.M.-L.- 1962g.) diýen işinde-de Orta Aziýa halklarynyň “Görogly”,”Alpamyş” eposlary derňelýär, olaryň bagşylar tarapyndan aýdylyşy barada maglumat berilýär.Awtor bu eposlaryň ideýalarynyň häsiýetli aýratynlygynyň Göroglynyň, Alpamyşyň we beýleki gahrymanlaryň il-güni, Watany goramakda birmeňzeş çykyş edýänliginde aýdyň görünýändigini nygtaýar. E.M.Meletinskiniň “Gahrymançylykly eposyň döreýşi” (Proishoždeniýe geroiçeskogo eposa”. Moskwa, 1963g.) diýen işinde halk döredijiliginiň kyssa eserine taryhy taýdan çemeleşmegiň zerurdygy nygtalmak bilen, tutuş eposdan taryhy hakykaty gözlemegiň hem nädogrydygy aýdylýar. Taryhy hakykata kyssa eserini umumylaşdyrmagyň çeşmesi, olara täsir eden element hökmünde garalýar. Bu pikir “Görogly”eposynyň döreýşi hakyndaky meselede hem şeýledir. Bir taryhy şahsyýetiň hereketleri rowaýatlaryň döremegine sebäp bolýar. Wagtyň geçmegi bilen şol rowaýatlar çeperleşdirilýär, biri-birine sepleşdirilip, bitewileşdirilýär. Halk şol rowaýatlaryň gahrymanyna milli häsiýetleri, özboluşlylyklary siňdirýär. Ýigitleriň soňky döwürdäki edermenlikleri-de rowaýatyň baş gahrymanynyň adyna berilýär. Şeýlelikde, umumylaşdyrylan epos gahrymany döreýar. E.M. Meletinskiniň bu pikiri “Görogly” eposynyň döreýşine hem degişlidir. “Görogly” eposy gadymy wagtdan bäri türkmenleriň arasynda mälim bolupdyr. Wenger syýahatçysy A. Wamberi X1X asyryň 2-nji ýarymynda Zakaspide bolanynda,bagşylaryň Göroglydan ýa-da Magtymgulydan aýdýan aýdymlarynyň örän lezzetlidigini belläpdir. Eposyň bagşy nusgasynyň köp ýaýran ýeri Daşoguzdyr. Alym A. N. Samoýlowiç 1908-nji ýylda şol sebitlere aýlanyp, dessançy bagşylar bilen duşuşýar. Ol Boldumsaz (ozalky Kalinin) etrabynda, Söýeg bagşy bilen gürrüňdeş bolýar.Palta bagşynyň aýtmagyna görä, Söýeg bagşy “Görogly” eposynyň 20 şahasyny bilipdir. Eposyň gahrymanyna dakylan Görogly, Kerogly, Korogly, Röwşen atlarynyň nämä esaslanyp goýlandygyny alyma gürrüň hem beripdir. Alym P.Kiçigulowyň “Görogly” halk gahrymançylyk eposydyr” (Aşgabat, 1964ý.) diýen işinde eposy ylmy taýyndan öwrenmegiň taryhy, eseriň türkmen folklorynda tutýan orny, ähmiýeti barada ýazýar. Bu ylmy işde “Görogly” eposynyň bagşylardan ýazylyp alnan käbir nusgasy hem derňelýär. Awtoryň bu ylmy işi soňra gysgaldylan görnüşde “Görogly hakynda söhbet”(Aşgabat,1978ý.) diýen at bilen neşir edilýär. “Türkmen halk döredijiligi boýunça oçerk” (Aşgabat, 1967ý.) kitabynda alym B. Ahundowyň “Görogly eposy” diýen ylmy işinde eposyň döreýşi, ideýa - mazmuny, çeperçiligi barada käbir pikirler öňe sürülýär. Awtor eposyň ähli nusgasyny öwrenmegiň zerurdygyny nygtaýar. 127 Alym B. Garryýew “Görogly” eposy, onuň nusgalary hakynda düýpli ylmy-barlag işini alyp bardy. Ol köp ýyllyk ylmy gözlegler esasynda “Görogly” eposyny, onuň dürli nusgalara öwrülişini, milliligini, täsirliligini, taryhy esaslaryny öwrendi. Şonuň esasynda-da “Türki dilli halklarda Görogly hakyndaky epiki hekaýatlar”(“Epiçeskiýe skazaniýa o Kýor-ogly u týurkoýazyçnyh narodow,”Moskwa, 1968g.) monografiýasyny ýazdy. Monografiýada Gündogar ýurtlarynyň halklary tarapyndan Görogly bilen baglanyşykly döredilen köp sanly nusgalar deňeşdirilýär we eseriň azerbaýjan, ermeni, özbek, gruzin, türk, türkmen, täjik, gazak, tatar nusgalary hakynda ilkinji gezek doly maglumat berilýär.. Alymyň bu monografiýasy eposyň milli nusgalaryny öwrenmekde bitirilen düýpli işleriň biri bolup hyzmat edýär.. B.Garryýew ömrüniň soňky döwrüni “Görogly” eposyny rus diline terjime etmäge bagyşlady. Ol Pälwan bagşynyň aýdan çowdur nusgasynyň aýdylyş stilini düşündirişi bilen rus diline terjime etdi. Ýe.A. Poseluýewskiniň gatnaşmagynda B. Garryýewiň rus diline eden terjimesi türkmençesi bilen birlikde “Gýor-ogly”: turkmenskiý geroiçeskiý epos” diýen at bilen 1983-nji ýylda Moskwada neşir edilýär. Alymyň bu işi “Göroglyny” öwreniş ylmynda uly ähmiýete eýedir. Alym S.Garryýewiň “Türkmen eposy, dessanlary we Gündogar halklarynyň döredijiligi” (Aşgabat, 1982ý.) kitabynda türkmenleriň epiki döredijiliginiň (“Görogly” eposynyň, dessanlarynyň) žanr özboluşlylygy, olaryň görnüşleri ýüze çykarylýar. ”Görogly” eposynyň gahrymançylykly rowaýatlara esaslanyp döredilendigi barada aýdylýar. Bu kitapda türkmenleriň epiki döredijiliginiň Gündogar halklarynyň epiki eserleri bilen özara baglanyşygy derňelýär. Alym M.Kösäýewiň “Edebiýat barada söhbet” (Aşgabat,1972ý.) kitabynda dessan bilen eposyň döreýşi hakynda gyzykly maglumatlary getirýär. Türkmen folklorynyň, şol sanda “Görogly” eposyny öwrenmegiň ähmiýetini belleýär. Alym H. Göroglynyň “Türkmen edebiýaty” (‘Turkmenskaýa literatura: geroiçeskiý epos “Gýor-ogly”, M., 1972g.) ylmy işinde “Görogly” eposynyň döreýşi, ideýa-mazmuny, onuň beýleki milli nusgalara gatnaşygy hakynda aýdylýar. Rus dilinde ýazylan bu işiň türkmen eposy bilen köp halklaryň tanyşmagyndaky ähmiýeti uludyr. Awtor ylmy işinde türk taryhçysy Ö. Çelebiniň (1611-1682ý.ý.) “Syýahatlar kitabyna” salgylanyp, sazanda hem şahyr Göroglynyň ötüp geçendigini ýazmak bilen gyzykly maglumatlary getirýär. H.Görogly“Oguz gahrymançylyk eposy” (“Oguzskiý geroiçeskiý epos”, M., 1976 g.) işinde oguz hekaýatlarynyň ýazgylarynyň X1V asyrdan başlanýandygyny bellemek bilen, Göroglynyň Maşady-Misserianda ýaşandygyny, onuň şol ýerde mazarynyň hem bardygyny nygtaýar. 128 “Görogly” eposy hakynda türkmen alymlary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň biri-de alym B. Weliýewiň “Görogly” eposynyň Stawropol nusgasy”(1973ý.) ylmy kitabydyr. Bu ylmy işde eposyň Stawropol türkmenlerindäki nusgasy derňelýär, onuň beýleki nusgalardan tapawutly aýratynlygy barada gymmatly maglumatlar berilýär. “Görogly” eposynyň döreýiş taryhy barada yzygiderli ylmy iş alyp baranlaryň biri-de alym B.Mämmetýazowdyr. Ol “Görogly” eposy we onuň häzirki zaman ýagdaýy”(Aşgabat,1979ý.), “Görogly”eposynyň döreýşi hakynda” (Aşgabat,1982ý.) ylmy kitaplarynda eposyň öwreniliş taryhy, bu meselede alymlaryň dürli pikirleri öňe sürýändigi, eseriň döremeginde folkloryň täsiri,olaryň umumylygy hem aýratynlygy barada ylmy pikirler ýöredilýär. Göroglynyň şahsyýeti Ugurjygyň ady bilen hem baglanyşdyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Ugurjyk taýpasy Maňgyşlagyň üsti bilen Balkan daglaryna aralaşýar. Ugurjyk ilaty V11-V111 asyrlaryň çatrygynda Balkan daglarynyň golaýynda ýaşaýar. Uzboýuň Hazara guýýan ýerinde Ugurjaly (Ogurjaly) diýen ýer häzirem bar. Ugurjygyň batyrlygy, gaýduwsyzlygy hakyndaky wakalar Göroglynyň adyna berlendir diýen maglumatlaram az däl. XV111 asyr şahyry Şeýdaýy Ugurjyga bagyşlap ýazan goşgusynda şeýle diýýär: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling